Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Eý, söýgüli doganlar, bu wadalarymyzyň barlygyna görä, her hili ten we ruh pisliginden tämizlenip, Hudaýdan gorkmakda mukaddesligi kämilleşdireliň. |
| 2 |
| Bize ýüregiňizden ýer beriň. Biz hiç kimi ynjadan däldiris, hiç kimi azdyran däldiris, hiç kimi ezen däldiris. |
| 3 |
| Muny sizi ýazgarmak üçin aýtmaýaryn. Sebäbi bile ölüp, bile ýaşar ýaly, biziň ýüregimizdedigiňizi men ozal aýtdym. |
| 4 |
| Size biçak ynanýaryn, size biçak guwanýaryn. Men teselliden doly, muşakgatymyz arasynda begenjim çäksiz. |
| 5 |
| Çünki Makedoniýa gelenimizde-de, göwnümiziň ynjalygy bolman, her tarapdan gysylýardyk. Daşarda uruşlar, içimizde gorkular bardy. |
| 6 |
| Emma pes göwünlileri ruhlandyrýan Hudaý Titusyň gelmegi bilen bize teselli berdi. |
| 7 |
| Diňe onuň gelmegi bilen hem däl, siziň oňa eden teselliňiz bilen hem teselli tapdyk. Ol siziň küýsegiňizi, ýasyňyzy, maňa bolan yhlasyňyzy habar berende, has hem begendim. |
| 8 |
| Çünki hatym bilen sizi gaýgylandyran bolsam hem ökünmeýärin. Ökünen bolsam-da ― çünki ol hatyň az wagt hem bolsa, sizi gaýgylandyranyny görýärin ― indi begenýärin. |
| 9 |
| Gaýgylananyňyza däl-de, toba üçin gaýgylananyňyza begenýärin. Çünki siz bizden hiç bir zyýan görmän, Hudaýyň islegi boýunça gaýgylandyňyz. |
| 10 |
| Çünki Hudaýyň islegi boýunça gaýgylanmaklyk gutulyş üçin ökünçsiz tobany emele getirýändir. Dünýäniň gaýgylary bolsa, ölümi emele getirýändir. |
| 11 |
| Bu gaýgyňyzyň Hudaýyň islegine görä bolmagy, gör, sizde nähili gaýrat, nähili ökünç, nähili gahar, nähili gorky, nähili küýseg, nähili yhlas, nähili adalata ymtylyş döretdi! Siz bu işde her taýdan tämizdigiňizi görkezdiňiz. |
| 12 |
| Şeýlelikde, size ýazan hem bolsam, muny ynjydan üçin ýa-da ynjan üçin däl-de, bize bolan gaýratyňyzyň Hudaýyň huzurynda özüňize aýan bolmagy üçin ýazdym. |
| 13 |
| Bular bize teselli berýär. Ýöne öz tesellimizden köp Titusyň şatlygyna begendik, çünki siziň baryňyz onuň göwnüni ynjaldypsyňyz. |
| 14 |
| Çünki onuň ýanynda siz barada bir zat diýip öwünen bolsam hem, meni utandyrmadyňyz, gaýtam, biziň size hemme zady hakykatda aýdyşymyz ýaly, Titusyň garşysyndaky magtanjymyz hem hakykat boldy. |
| 15 |
| Ol hemmäňiziň boýun bolanyny, ony gorky hem titreme bilen garşylanyňyzy ýatlanda, size bolan söýgüsi has-da artýar. |
| 16 |
| Men her zatda size bil baglap biljegime begenýärin. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/2corinthians/007.mp3
13
7