Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Eý doganlar, Hudaýyň Makedoniýanyň ýygnaklaryna beren merhemetini size bildirýäris. |
| 2 |
| Uly muşakgat synagynda olaryň şatlygynyň bollugy aýan boldy, olaryň aşa garyplygy sahylyklarynda çäksiz baýlyga öwrüldi. |
| 3 |
| Olaryň öz ýagdaýlaryna görä hem-de ýagdaýlaryndan aşa sahylyk edenlerine men güwä geçýärin. |
| 4 |
| Olar bu haýyr işe, mukaddeslere gulluk etmäge özleriniň gatnaşmagyny köp ýalbaryp, bizden haýyş etdiler. |
| 5 |
| Hatda umyt edişimizden-de ýokary bolup, olar özlerini ilki Rebbe, soň-da Hudaýyň islegi bilen bize peşgeş etdiler. |
| 6 |
| Şonuň üçin bu haýyr işi ozal nähili başlan bolsa, şeýle hem araňyzda bitirmegini biz Titusdan haýyş etdik. |
| 7 |
| Imanda, sözde, bilimde, her hili gaýratda, bize bolan söýgiňizde, ähli zatda bolşuňyz ýaly, bu haýyr işde-de üstün boluň. |
| 8 |
| Muny buýruk hökmünde däl-de, beýlekileriň gaýraty arkaly söýgiňiziň hakykylygyny synap aýdýaryn. |
| 9 |
| Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýänsiňiz. Garyplygy bilen siz baýar ýaly, Ol baýka garyp boldy. |
| 10 |
| Bu hakda men öz pikirimi aýdaýyn. Çünki bu siziň üçin peýdalydyr. Siz öten ýyldan bäri diňe etmekde däl-de, muny arzuwlamakda hem ilkinjilerdiňiz. |
| 11 |
| Indi arzuwlamaga göwünjeň bolşuňyz ýaly, başardygyňyzdan, bu işiň bitmegi üçin, ony soňuna çenli alyp baryň. |
| 12 |
| Çünki göwünjeňlik bar bolsa, adamyň ýoguna görä däl, baryna görä bermegi makuldyr. |
| 13 |
| Biz başgalaryna ýeňil, size agyr bolmagyny islämzok, deňligi isleýäris. |
| 14 |
| Olaryň hem artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar ýaly, şu wagt siziň artykmaç zadyňyz olaryň ýetmezini doldursyn. |
| 15 |
| Şeýle, «Köp ýygnanyň artygy, az ýygnanyň hem kem zady bolmady» diýip ýazylyşy ýaly, deňlik bolar. |
| 16 |
| Siz babatdaky şeýle yhlasy Titusyň ýüregine guýýan Hudaýa şükür! |
| 17 |
| Çünki ol biziň haýyşymyza gulak asyp, köp yhlasly bolany üçin, öz islegi bilen siziň ýanyňyza gitdi. |
| 18 |
| Biz Hoş Habarda bütin ýygnaklar tarapyndan taryplanýan dogany hem onuň bilen bile ýolladyk. |
| 19 |
| Mundan başga-da ol dogan Rebbiň şöhraty üçin we biziň öz göwünjeňligimizi görkezmek üçin ýerine ýetirýän bu haýyr işimizde ýygnaklar tarapyndan bize ýoldaşlyk etmäge saýlandy. |
| 20 |
| Biz gullugymyz bilen gazanylan bu gatanç hakda hiç kim bize garalyk ýapmaz ýaly, ätiýajy elden bermeýäris. |
| 21 |
| Çünki biz diňe bir Reb huzurynda däl, eýsem, adamlar huzurynda-da ýagşy işiň aladasyny edýäris. |
| 22 |
| Yhlaslydygyny köp zatlarda telim gezek synan, indi hem size bolan uly ynamy arkaly has-da yhlasly bolan doganymyzy hem olar bilen ýolladyk. |
| 23 |
| Titus hem meniň şägirdim, siziň araňyzdaky işdeşimdir. Doganlarymyz bolsa ýygnaklaryň ilçileri, Mesihiň şöhratydyr. |
| 24 |
| Indi söýgiňizi, siz hakdaky magtanjymyzy ýygnaklaryň gözüniň alnynda olara subut ediň. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/2corinthians/008.mp3
13
8