Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Indi bolsa, eý, doganlar, Hudaýyň Makedoniýanyň ýygnaklaryna beren merhemeti barada bilmegiňizi isleýäris. |
| 2 |
| Olar agyr muşakgatlarda synalsa-da, joşgunly şatlykdan dolup-daşýarlar. Garyplygy çenden agyr bolsa-da, sahylyga baýdyrlar. |
| 3 |
| Dogrudan-da, olar elinden gelen, hatda ondan hem artyk hemaýat kömegini sahylyk bilen meýletin berdiler. |
| 4 |
| Olar Hudaýyň Iýerusalimdäki halkyna edilýän hyzmata özleriniň hem şärik edilmegini sorap, bize ýalbardylar. |
| 5 |
| Bu eden tamamyzdan-da artyk boldy. Olar özlerini ilki Rebbe, soňra-da Hudaýyň islegine görä bize bagyş etdiler. |
| 6 |
| Şonuň üçin biz Titusdan siziň araňyzda başlan bu haýyrly işini şol tärde-de soňuna çenli dowam etmegini haýyş etdik. |
| 7 |
| Siziň imanyňyz güýçli; siz nädip wagyz etmelidigini bilýärsiňiz. Siziň düşünjäňiz, yhlasyňyz we bizden öwrenen söýgiňiz dolup-daşýar. Hakyky, siz ähli zady şeýle oňat başarýarsyňyz. Şonuň üçin-de, sahylykda-da şeýle bolmagyňyzy isleýäris. |
| 8 |
| Ýok, bu buýruk däl. Beýleki ýygnaklaryň yhlasy barada aýtmak bilen, siziň söýgiňiziň näderejede hakykydygyny barlasym gelýär. |
| 9 |
| Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi. |
| 10 |
| Siz geçen ýyl hemaýat bermekde ilkinji bolmak bilen çäklenmän, muny uly höwes bilen etdiňiz. Şunlukda, ine, meniň maslahatym: |
| 11 |
| bu işi öz mümkinçiligiňizden ugur alyp bitiriň. Ony yhlasly başlaýşyňyz ýaly, yhlas bilen-de tamamlaň. |
| 12 |
| Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir. |
| 13 |
| Biz başgalaryň ýüküni ýeňletjek bolup, size agram salmak islämzok. Biz hemmelere deňlik bolsun diýýäris. |
| 14 |
| Siziň bolelinligiňiz şu gün olaryň mätäçliginiň öwezini doldursa, ertirki gün olaryň bolelinligi siziň mätäçligiňiziň öwezini doldurar. Şeýlelikde, hemmelere deňlik bolar. |
| 15 |
| Çünki Töwratda ýazylyşy ýaly: «Köp ýygnanyňkydan hiç zat artmady, az ýygnanyň hiç kem zady bolmady». |
| 16 |
| Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Titusyň-da ýüregine size bolan yhlasy saldy. |
| 17 |
| Titus diňe biziň haýyş edenimiz üçin däl, eýsem size bolan yhlasy sebäpli ýanyňyza göwünjeňlik bilen gitdi. |
| 18 |
| Titusyň ýany bilen imanly doganymyzy hem iberýäris. Onuň Hoş Habary ýaýmakdaky hyzmaty üçin, ony ähli ýygnaklar sylaýandyr. |
| 19 |
| Mundan başga-da, ol ýygnaklar tarapyndan saýlanyp, hemaýat kömegini Iýerusalime äkitmek üçin bize ýoldaş bellendi. Biziň bu haýyrly işimiz Rebbi şöhratlandyryp, ýardam etmekdäki yhlasymyzy görkezýändir. |
| 20 |
| Biz şeýle uly mukdardaky puly paýlamakda hiç bir aýyplanma sezewar bolmaz ýaly, ätiýajy elden bermeýäris. |
| 21 |
| Biz diňe Rebbiň nazarynda däl, eýsem ynsanlaryň nazarynda hem halal işlemäge dyrjaşýandyrys. |
| 22 |
| Şeýle-de Titusyň ýany bilen ýene-de bir doganymyzy iberýäris. Ol özüniň her dürli işlerde yhlaslydygyny ençeme gezek subut etdi. Size bolan ynamy sebäpli, ol mundan beýläk has-da köp yhlas etmäge taýyndyr. |
| 23 |
| Titus babatda şuny aýtmakçy: ol meniň ýoldaşym we siziň araňyzdaky hyzmatdaşymdyr. Iberen doganlarymyz bolsa ýygnaklaryň wekilleri we Isa Mesihiň şöhratydyr. |
| 24 |
| Şoňa görä-de, olaryň baryna öz söýgiňizi görkezip, siz babatdaky magtanjymyzyň ýerliklidigini ähli ýygnaklara subut ediň. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/2corinthians/008.mp3
13
8