Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Mukaddeslere gulluk etmek barada meniň size ýazmagymyň geregi ýok. |
| 2 |
| Çünki ýardama bolan meýliňizi bilýärin, Ahaýa öten ýyldan bäri taýýar dur diýip, makedoniýalylaryň ýanynda siz hakda öwünýärin. Siziň yhlasyňyz köpleri höweslendirdi. |
| 3 |
| Biziň bu babatda siz hakda öwünmämiz biderek bolman, aýdyşym ýaly, taýýarlykly bolmagyňyz üçin, doganlary ýanyňyza iberýärin. |
| 4 |
| Çünki makedoniýalylar meniň bilen gelip-de, siziň taýýar däldigiňizi görseler, biz ― siz diýmeýäris ― beýle ynamlylyk üçin utanja galarys. |
| 5 |
| Şoňa görä hem menden öň ýanyňyza baryp, wada edilen peşgeşleriňizi öňden taýýarlamaklaryny doganlardan haýyş etmegi zerur bildim. Şeýlelikde, ol borçlulyk bilen däl-de, bir hakyky peşgeş hökmünde taýýarlanar. |
| 6 |
| Şuny biliň: az eken az orar, köp eken köp orar. |
| 7 |
| Tukatlyk ýa mejburlyk bilen däl-de, her kim öz göwnünden çykaranyny bersin. Sebäbi Hudaý begenç bilen bereni söýýändir. |
| 8 |
| Hemişe hemme zadyňyz ýeterlik bolup, her ýagşy işe bol mümkinçiligiňiz bolar ýaly, Hudaý size her nygmaty boldan bermegi başarýandyr. |
| 9 |
| Şonuň ýaly hem: «Paýlap, garyplara berdi, Onuň dogrulygy baky galar» diýip ýazylgydyr. |
| 10 |
| Ekýäne tohum, iýmäge çörek berýän Hudaý ekeniňizi hem boladyp artdyrar, dogrulygyňyzyň hasylyny ösdürer. |
| 11 |
| Siz her hili jomartlyk etmek üçin, hemme zada baýarsyňyz. Bu-da biz arkaly Hudaýa şükür döreder. |
| 12 |
| Çünki bu hyzmaty ýerine ýetirmek diňe mukaddesleriň ýetmezini doldurman, eýsem, Hudaýa edilýän şükürleri hem köpelder. |
| 13 |
| Bu gulluk netijesinde, olar siziň Mesihiň Hoş Habaryna bolan ykraryňyza baglydygyňyz üçin, olar bilen we hemmeler bilen malyňyzy paýlaşmakda görkezýän jomartlygyňyz üçin, Hudaýy şöhratlandyrar. |
| 14 |
| Hudaýyň üstüňizdäki bol merhemeti üçin siz babatda doga edip, sizi küýsär. |
| 15 |
| Çendenaşa sylagy üçin Hudaýa şükür! |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/2corinthians/009.mp3
13
9