Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Hudaýyň Iýerusalimdäki ýygnaklaryna pul ýardamyny bermek barada size ýazmagyň geregi ýok. |
| 2 |
| Çünki men siziň ýardam etmekdäki yhlasyňyzy bilýärin. Men: «Ahaýa welaýaty geçen ýyldan bäri taýýardyr» diýip, makedoniýalylara siz babatda magtanýaryn. Siziň şeýle yhlasyňyz köpleri höweslendirdi. |
| 3 |
| Men doganlara siziň taýýardygyňyz we pul kömeginiň eýýäm ýygnalandygyny aýdypdym. Ine, şu zatlara göz ýetirmek üçin, olary siziň ýanyňyza iberýärin. Men siz baradaky magtanjymyň ýalan bolup çykmagyny islämok. |
| 4 |
| Ýogsa makedoniýalylar meniň bilen baryp-da, siziň taýýar däldigiňizi görseler, siz babatda şeýle ynamly gürlänimize gaty utanarys. Siz barada gürrüň-de ýok! |
| 5 |
| Şoňa görä-de, wada edilen hemaýatyňyzyň taýýardygyna göz ýetirmek üçin, özüm barmazdan öň doganlarymyzy ýanyňyza ibermeli diýen karara geldim. Ýöne men hemaýatyňyzyň mejbury däl-de, göwünjeňlik bilen berlen peşgeş bolmagyny isleýärin. |
| 6 |
| Şuny unutmaň: gysganyp ekýän az orýandyr, sahylyk bilen ekýän, bol orýandyr. |
| 7 |
| Göwünsizlik ýa mejburlyk bilen däl-de, her kes göwnünden çykaranyny bersin. Çünki Hudaý göwünjeňlik bilen berýäni halaýandyr. |
| 8 |
| Hemişe hemme zadyňyz ýeterlik bolup, islendik ýagşy işe bol mümkinçiligiňiz bolar ýaly, Hudaý size merhemetini boldan-bol bermegi başarýandyr. |
| 9 |
| Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylandyr: «Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi, onuň dogrulygy dowam eder ebedi». |
| 10 |
| Hudaý daýhanyň ekjek tohumyny, iýjek çöregini ýetirýändir. Şoňa görä-de, Ol siziň ekeniňizi boldan-bol artdyryp, dogrulygyňyzyň bol hasylyny ýetişdirmegi hem başarar. |
| 11 |
| Siz her zatda sahy bolup bileriňiz ýaly, ähli zada baý bolarsyňyz. Biz siziň sahy peşgeşiňizi eltip berenimizde, köp adamlar Hudaýa şükür ederler. |
| 12 |
| Çünki siziň bu hemaýatyňyz Hudaýyň halkynyň mätäçlikleriniň öwezini doldurmak bilen çäklenmän, eýsem Hudaýa edilýän şükürleriň dolup-daşmagyna hem sebäp bolar. |
| 13 |
| Siziň bu hemaýatyňyz Isa Mesih baradaky Hoş Habara sadykdygyňyzy subut edýär. Siz elde baryňyzy olara we beýleki imanlylara sahylyk bilen eçilýärsiňiz. Ine, şularyň bary üçin Hudaýyň halky Ony şöhratlandyrar. |
| 14 |
| Hudaýyň size beren boldan-bol merhemetini görüp, olar siziň üçin doga-dilegler ederler, siziň bilen didarlaşmagy küýsärler. |
| 15 |
| Hudaýyň şeýle ajaýyp peşgeşi üçin Oňa şükürler bolsun! |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/2corinthians/009.mp3
13
9