Men ylham bilen gitdim, biderek ýere ýortmaýyn ýa ýortan bolaýmaýyn diýip, olara, ylaýta-da, at-abraýlylara milletler arasynda wagyz eden Hoş Habarymy beýan etdim.
Emma at-abraýlylar ― näme-de bolan bolsalar, maňa parhy ýok, çünki Hudaý adamyň daş görnüşine bakmaýar ― bu at-abraýlylar meniň aýdanlaryma hiç bir zat goşmadylar.
Ýygnagyň diregleri hasaplanan Ýakup, Kifas we Ýahýa maňa berlen merhemeti aňanlarynda, şärikçiligimiz üçin maňa we Barnabasa sag ellerini berdiler. Şeýdibem, biz özge milletler arasyna gitdik, olar hem sünnetlileriň arasyna gitmeli boldular.
Çünki Ýakubyň ýanyndan käbir adamlar gelmezden öň, ol özge milletlerden bolanlar bilen nahar iýýärdi, ýöne ol adamlar gelenlerinde, Petrus gorkup, sünnetlilerden çekilip aýryldy.
Men olaryň Hoş Habaryň hakykatyna görä dogry ýol bilen ýöremeýänlerini göremde, hemmeleriň öňünde Petrusa şeýle diýdim: «Sen ýehudy bolup, ýehudy ýaly däl-de, özge milletlerden biri ýaly ýaşaýan bolsaň, onda näme üçin özge milletleri ýehudy bolmaklyga mejbur edýärsiň?»
Biz adamyň Mukaddes Kanunyň işlerini berjaý etmek bilen däl-de, diňe Isa Mesihe bolan iman bilen aklanýandygyny bilýäris. Şonuň üçin biz hem Kanun işlerini berjaý etmek bilen däl-de, Mesihe bolan iman bilen aklanar ýaly, Mesih Isa iman etdik. Sebäbi hiç kim diňe kanun işlerini berjaý etmek bilen aklanmaz.
Mesih bilen birlikde haça çüýlendim. Indi men ýaşaman, eýsem, Mesih mende ýaşaýar. Şindi tende geçirýän ýaşaýşymy Hudaýyň meni söýen, meniň ugrumda Özüni pida eden Ogluna bolan iman bilen geçirýärin.