Mukaddes Ýazgy Hudaýyň milletleri imanlary arkaly aklajagyny öňünden görüp, Ybraýyma: «Bütin milletlere sen arkaly bereket iner» diýip öňünden buşlady.
Kanun işlerine umyt baglaýanlaryň ählisi gargyş astyndadyr, çünki: «Kanun kitabynda ýazylgy zatlary yzygiderli berjaý etmeýän adam lagnatlydyr» diýip ýazylgydyr.
Wadalar Ybraýyma, onuň nesline berildi. Hudaý köplerine wada berýän ýaly, «nesillere» däl, eýsem, birine wada berip, «seniň nesliňe» diýýär. Bu-da Mesihdir.
Meniň aýtjak bolýanym şu: dört ýüz otuz ýyl soňra gelen Mukaddes Kanun Hudaýyň öňden Mesihe tassyklan ähtini güýçden düşürip, berlen wadany ortadan aýyrmaz.
Onda Kanun nämä gerek boldy? Kanun özüne wada edilen, Ybraýymyň neslinden bolan Mesih gelýänçä, perişdeler arkaly araçynyň eli bilen düzgünleşdirilip, jenaýatlar sebäpli ähte goşuldy.
Kanun Hudaýyň beren wadalaryna garşymydyr? Ýok! Çünki ýaşaýyş bermegi başarýan bir kanun berlen bolsa, onda, dogrudan-da, dogrulyk kanuna bagly bolardy.