Eý, akmak galatýalylar! Siziň gözüňizi kim baglady? Men size Hoş Habary wagyz edenimde, haça çüýlenen Isa Mesihi hut öz gözüňiz bilen görýän ýalydyňyz ahyryn!
Men sizden diňe bir zady soramakçy: siz Mukaddes Ruhy Kanuny berjaý edip aldyňyzmy? Elbetde, ýok! Siz Mukaddes Ruhy eşiden Hoş Habaryňyza iman edeniňiz üçin aldyňyz.
Hudaý size Öz Ruhuny berip, araňyzda köp gudratlary görkezdi. Ol bulary Mukaddes Kanuny berjaý edeniňiz üçin däl-de, Hoş Habary eşidip, oňa ynanandygyňyz üçin etdi.
Hudaý Ybraýyma: «Ähli milletler sen arkaly ýalkanar» diýip, oňa ilkibaşda buşlapdy. Mukaddes Ýazgylaryň şu sözleri Hudaýyň milletleri imanlaryna görä aklajakdygyny owaldan habar beripdi.
Emma Mukaddes Kanuny doly berjaý etmelidir öýdüp, oňa daýanýanlar nälet astyndadyr. Çünki: «Bu Kanun kitabyny doly ýerine ýetirmedik adama, goý, nälet bolsun!» diýip ýazylgydyr.
Mesih Kanunyň yglan eden näletini Öz üstüne alyp, bizi şol näletden halas etdi. Çünki Töwratda: «agaçdan asylan her kes näletlenendir» diýip ýazylgydyr.
Hawa, Isa Mesih bularyň baryny Ybraýyma berlen ýalkanyşyň Özi arkaly başga milletlere hem ýaýramagy üçin, iman arkaly wada berlen Mukaddes Ruhy alyp bilmegimiz üçin etdi.
Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşdy. Ol bu ähti berjaý etjekdigi barada Ybraýyma we onuň nesline wada berdi. Mukaddes Ýazgylarda «seniň nesilleriňe» diýip köpçülik barada däl-de, «seniň hut öz nesliňe» diýip, ýeke-täk Biri barada wada berlendir. Bu hem Isa Mesihdir.
Onda Mukaddes Kanun nämä gerek boldy? Ol günäniň nämedigini görkezmek üçin goşmaça berlipdi. Kanun Hudaýyň wadasy we Ybraýymyň nesli bolan Mesih gelýänçä hereket etdi. Bu Kanun perişdeler arkaly töwellaçy Musanyň gatnaşmagynda berlipdi.
Diýmek, Mukaddes Kanun Hudaýyň wadasyna garşy çykýar-da?! Elbetde, ýok! Ýöne Kanun bize ýaşaýyş berip bilmeýär ahyryn. Muňa görä, ol arkaly dogrulygy-da gazanyp bilmeýäris.
Emma Mukaddes Ýazgylaryň yglan etmegine görä, biziň ählimiz günäniň tussaglarydyrys. Hudaý bolsa bize wada beren peşgeşini Isa Mesihe iman edýänimiz üçin berýär.
Indi ýahudy däl bilen ýahudynyň, gul bilen erkin adamyň, erkek bilen aýalyň arasynda hiç bir parh ýokdur. Isa Mesihe degişli bolanyňyz üçin, indi baryňyz birsiňiz.