Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Emma şuny aýdaýyn: mirasçy hemmäniň agasy hem bolsa, ýaşka guldan parhy ýokdur. |
| 2 |
| Ol atasynyň bellän wagtyna çenli, hossarlarynyň, wekilleriniň gol astynda bolýandyr. |
| 3 |
| Biz hem, şonuň ýaly, çagakak dünýäniň ýöntem ýörelgeleriniň guludyk. |
| 4 |
| Ýöne wagty dolanda, biz ogulluk hakyny alar ýaly, |
| 5 |
| Mukaddes Kanun astyndakylary azatlyga ýetirsin diýip, Hudaý kanun astynda aýaldan doglan Ogluny ýollady. |
| 6 |
| Ogullardygyňyz üçin hem Hudaý Öz Oglunyň, «Abba, Ata!» diýip seslenýän Ruhuny siziň ýüregiňize gönderdi. |
| 7 |
| Şeýlelikde, sen indi gul däl-de, ogulsyň. Ogul bolsaň, onda Isa Mesih arkaly Hudaýyň hem mirasçysysyň. |
| 8 |
| Ýöne welin, ozal Hudaýy tanamaýarkaňyz öz tebigatlary boýunça Hudaý dällere gulluk etdiňiz. |
| 9 |
| Indi bolsa Hudaýy tanap, has hem Hudaý tarapyndan tanalyp-da, nähili bu ejiz, dereksiz ýörelgelere ýüzlenýärsiňiz? Bulara täzeden gulluk etjek bolýarsyňyzmy? |
| 10 |
| Aýratyn günler, aýlar, pasyllar we ýyllar belleýärsiňiz. |
| 11 |
| Men siz hakda biderek ýere zähmet çeken bolaýmaýyn diýip, siziň üçin gorkýaryn. |
| 12 |
| Eý doganlar, size ýalbarýaryn, meniň ýaly boluň. Çünki men hem siziň ýaly boldum, siz maňa hiç bir erbetlik etmediňiz. |
| 13 |
| Hoş Habary size ilkinji gezek ten ejizligi sebäpli wagyz edenimi bilýänsiňiz. |
| 14 |
| Siz tendäki synagymy äsgermezlik etmän, ýigrenji görmän, meni Hudaýyň bir perişdesi ýaly, Mesih Isa ýaly kabul etdiňiz. |
| 15 |
| Indi siziň şol bagtyýarlygyňyza näme boldy? Çünki men siziň üçin güwä geçýärin: eliňizden gelse, öz gözüňizi hem oýup, maňa bererdiňiz. |
| 16 |
| Şeýlelikde, gepiň dogrusyny aýtmak bilen, men siziň duşmanyňyz boldummy? |
| 17 |
| Ol adamlar size ýagşy niýet bilen yhlas etmän, eýsem, siz özlerine yhlas eder ýaly, bizden aýyrjak bolýarlar. |
| 18 |
| Niýet ýagşy bolsa, diňe meniň ýanyňyzda bolan wagtym däl-de, hemişe yhlasly bolmak ýagşydyr. |
| 19 |
| Balalarym, Mesih sizde şekillenýänçä, men siziň üçin ýene dogurma agyrysyny çekýärin. |
| 20 |
| Şu wagt ýanyňyzda bolup, sesimi bir gataldyp bilsedim! Çünki size näme etjegimi bilmeýärin. |
| 21 |
| Kanun astynda bolmak isleýän siz maňa aýdyň: kanuna gulak asmaýarsyňyzmy? |
| 22 |
| Çünki: «Ybraýymyň biri gyrnakdan, ýene biri azat aýalyndan bolan iki ogly bardy» diýip ýazylgydyr. |
| 23 |
| Gyrnakdan bolan ogul tene görä, azat aýaldan bolan ogul hem berlen wada görä doglupdy. |
| 24 |
| Bu ýerde bir meňzetme bardyr. Sebäbi bu aýallar iki ähtdir: biri Sina dagyndan bolup, gulluk üçin ogul dogran Hajardyr. |
| 25 |
| Hajar Arabystanda bolan Sina dagydyr, häzirki Iýerusalime meňzeşdir, çünki ol ogullary bilen gulçulyk edýär. |
| 26 |
| Ýöne ýokarky Iýerusalim azatdyr, hemmämiziň enemiz oldur. |
| 27 |
| Sebäbi: «Şatlan, eý önelgesiz aýal, dogurma agyrysyny bilmeýän, batly seslen, gygyr! Çünki taşlanan aýalyň çagalary ärli aýalyňkydan köpdür» diýip ýazylgydyr. |
| 28 |
| Doganlar, biz hem Yshak ýaly berlen wadanyň perzentleridiris. |
| 29 |
| Şol wagt tene görä doglan Ruha görä doglana nähili azar beren bolsa, şu wagt hem şeýle. |
| 30 |
| Emma Mukaddes Ýazgy, gör, näme diýýär: «Gyrnagy hem onuň ogluny taşla, çünki gyrnagyň ogly azat aýalyň ogly bilen bile miras almaz». |
| 31 |
| Eý doganlar, biz gyrnagyň däl-de, azat aýalyň oglanlarydyrys. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/galatians/004.mp3
6
4