Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Men size şuny hem aýdaýyn: mirasdüşer tutuş mülküň hojaýyny bolsa-da, çagalyk döwründe guldan hiç tapawudy ýokdur. |
| 2 |
| Ol atasynyň bellän wagtyna çenli dolandyryjynyň we ynamdar adamlaryň gözegçiliginde bolýandyr. |
| 3 |
| Biz hem çaga ýaly bolanymyzda, bu dünýäniň esasy ýörelgeleriniň guludyk. |
| 4 |
| Emma bellenilen wagt ýetip gelende, Hudaý Öz Ogluny iberdi. Ol aýaldan doglup, Mukaddes Kanuna laýyklykda ýaşady. |
| 5 |
| Bularyň bary Mukaddes Kanunyň guly bolup ýaşaýanlaryň azat bolmagy üçin, biziň-de ogullygyň ähli hukuklaryny alyp bilmegimiz üçin edildi. |
| 6 |
| Siz ogullyga kabul edileniňiz üçin, Hudaý Özüni «Abba!, Atam!» diýip çagyrýan Oglunyň Ruhuny biziň ýüreklerimize iberdi. |
| 7 |
| Şunlukda, siz indi gul däl-de, Hudaýyň ogullarysyňyz. Ogul bolanyňyz üçin, Hudaý sizi Özüniň mirasdüşeri edýändir. |
| 8 |
| Siz öň Hudaýy tanamaýardyňyz. Şol döwürde siz galp hudaýlyryň guludyňyz. |
| 9 |
| Indi bolsa siz Hudaýy tanaýarsyňyz, dogrusy, Hudaý tarapyndan tanalýansyňyz. Şundan soň siz nädip şol ejiz we ýaramaz ýörelgelere dolanýarsyňyz?! Ýa-da gaýtadan olaryň guly bolmak isleýärsiňizmi? |
| 10 |
| Siz dini baýramlara: mukaddes günlere, Täze Aý baýramlaryna, pasyl baýramlaryna we ýyllara üns berýärsiňiz ahyryn! |
| 11 |
| Men siz babatda uly alada galýaryn. Eýsem meniň zähmetim biderek bolaýarmyka? |
| 12 |
| Eý, doganlarym, ýalbarýaryn: men ýaly boluň! Sebäbi men hem siz ýaly bolandyryn. Siz maňa hiç nähaklyk etmediňiz. |
| 13 |
| Men size ilkibaşda Hoş Habary syrkawkam wagyz edendigim ýadyňyzdadyr. |
| 14 |
| Şonda ýarawsyzlygym sizi kyn ýagdaýa salsa-da, siz maňa äsgermezçilik etmändiňiz, meni ret etmändiňiz. Tersine, meni Hudaýyň perişdesi ýaly, Isa Mesihiň hut Özi ýaly kabul edipdiňiz. |
| 15 |
| Indi ol şatlygyňyza näme boldy? Meniň özüm diri şaýat ahyryn: siz eliňizden gelse, öz gözüňizi hem oýup, maňa berjekdiňiz-ä! |
| 16 |
| Eýsem, men size hakykaty aýdýanlygym üçin, indi duşmanyňyza öwrüläýdimmi? |
| 17 |
| Käbir dogansumaklar betpällerine eýerip, sizi bizden aýryp, öz taraplaryna çekmäge jan edýärler. Olar diňe özleri babatda yhlasly bolmagyňyzy isleýärler. |
| 18 |
| Ýagşylyk üçin diňe men ýanyňyzdakam däl, eýsem hemişe yhlasly bolmak ýagşydyr. |
| 19 |
| Eý, eziz balalarym! Siz tä Isa Mesihiň häsiýetlerine doly eýe bolýançaňyz, men ýene-de siziň üçin dogurma burgularyny çekýän ýaly bolýaryn. |
| 20 |
| Wah, edil şu wagt siziň ýanyňyzda bolup, äheňimi üýtgetsedim! Sebäbi men sizi şeýle alada edýärin! |
| 21 |
| Eý, Mukaddes Kanuna görä ýaşamakçy bolýanlar! Men şuny soramakçy: eýsem siz Töwratda ýazylany bilmeýäňizmi? |
| 22 |
| Töwratda Ybraýymyň iki oglunyň bolandygy barada ýazylgydyr. Olaryň biri gyrnak aýalyndan, beýlekisi bolsa azat aýalyndandy. |
| 23 |
| Gyrnakdan oglunyň bolmagy adaty bir zatdy. Emma azat aýalyndan bolan ogly berlen wada görä doglupdy. |
| 24 |
| Bu ýerde meňzetme bardyr. Iki aýal iki ähtiň nyşanydyr. Bir äht Sinaý dagynda edilip, Hajara meňzeýär. Sebäbi ol gul çagalary dünýä indirýär. |
| 25 |
| Hajar Arabystandaky Sinaý dagyny aňladyp, häzirki Iýerusalime hem meňzeýär. Sebäbi ol çagalary bilen gulçulykdadyr. |
| 26 |
| Emma göklerdäki Iýerusalim azatdyr. Ol biziň enemizdir. |
| 27 |
| Mukaddes Ýazgylarda: «Şatlan, eý, çaga dogmadyk önelgesiz, burguda bolmadyk, begençden aýdym aýt! Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» — diýip ýazylgydyr. |
| 28 |
| Eý, doganlarym, indi siz Yshak ýaly wada görä doglan ogullarsyňyz. |
| 29 |
| Ten boýunça doglan ogul Hudaýyň Ruhunyň güýji arkaly doglan ogly yzarlap, oňa azar beripdi. Häzir hem şeýledir. |
| 30 |
| Emma Mukaddes Ýazgylar näme diýýär? «Gyrnagy ogly bilen bile çykaryp kow. Gyrnagyň ogly azat aýaldan doglan ogul bilen mirasy paýlaşmaz». |
| 31 |
| Şunlukda, eý, doganlarym, biz gyrnagyň çagalary däl-de, azat aýalyň çagalarydyrys. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/galatians/004.mp3
6
4