Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Şeýlelikde, Mesihiň bize beren azatlygynda berk duruň, gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň. |
| 2 |
| Ine, men Pawlus size diýýärin, sünnetlenseňiz, Mesihiň size hiç bir peýdasy degmez. |
| 3 |
| Men ýene-de sünnetlenen her bir adamyň Mukaddes Kanuny bütinleý berjaý etmäge borçludygyna güwä geçýärin. |
| 4 |
| Kanun bilen aklanjak bolýan siz Mesihden aýryldyňyz, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolduňyz. |
| 5 |
| Çünki biz aklanma umydyna iman bilen Ruh arkaly garaşýarys. |
| 6 |
| Çünki Mesih Isada sünnetli ýa sünnetsiz bolmak hiç bir zady başarýan däldir, diňe söýgi bilen işleýän iman ähmiýetlidir. |
| 7 |
| Siz oňat ylgaýardyňyz, hakykata bagly galmagyňyza kim päsgel berdi? |
| 8 |
| Nähili aldawa düşdüňiz? Bu sizi çagyran Hudaý tarapyndan bolan däldir. |
| 9 |
| Bir bölek hamyrmaýa bütin hamyry turşadýandyr. |
| 10 |
| Başga hili oýlanmajagyňyza meniň Rebde ynamym bar. Akylyňyzy çaşyran kim bolsa bolsun, jezasyny çeker. |
| 11 |
| Eý doganlar, men heniz hem sünnetliligi wagyz edýän bolsam, onda näme häzir-de kowalanýaryn? Beýle bolsa, haç böwedi aradan aýrylardy! |
| 12 |
| Sizi biynjalyk edenler özlerini agta etsin! |
| 13 |
| Eý doganlar, siz azatlyga çagyryldyňyz, ýöne bu azatlygy günäli teniň nepi üçin ulanman, biri-biriňize söýgi bilen gulluk ediň. |
| 14 |
| Çünki bütin kanun şu ýeke sözde jemlenendir: «Goňşyňy özüň ýaly söý!» |
| 15 |
| Biri-biriňizi çeýnäp, iýýän bolsaňyz, onda biri-biriňizi ýok etmegiňizden habardar boluň. |
| 16 |
| Ine, men diýýärin, Ruhda geziň, şonda teniň höweslerini ýerine ýetirmersiňiz. |
| 17 |
| Çünki ten Ruha garşy bolana, Ruh hem tene garşy bolana höwes edýändir. Siz isläniňizi etmez ýaly, bular bir-birlerine garşydyr. |
| 18 |
| Ruh size ýol görkezýän bolsa, onda kanun astynda dälsiňiz. |
| 19 |
| Ten işleri bellidir. Olar zynahorlyk, murdarlyk, ahlaksyzlyk, |
| 20 |
| butparazlyk, jadygöýlük, duşmanlyk, dawa, göripçilik, gahar, jenjel, bölünişik, pyrgalar, |
| 21 |
| içigaraçylyk, adam öldürmeklik, serhoşluk, aýşy-eşret we şunuň ýaly zatlardyr. Bulary edýänleriň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajagyny ozal aýdyşym ýaly, ýene-de aýdýaryn. |
| 22 |
| Ruhuň miwesi bolsa söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, |
| 23 |
| ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklykdyr. Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur. |
| 24 |
| Mesih Isa degişli bolanlar bedeni hyjuw hem höwesleri bilen birlikde haça çüýländir. |
| 25 |
| Ruha görä ýaşaýan bolsak, onda Ruha görä-de gezeliň. |
| 26 |
| Biri-birimizi gaharlandyryp, bir-birimize içigaraçylyk edip, şöhratparaz bolmalyň. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/galatians/005.mp3
6
5