we adamlardan şulary talap et: ‘Siz häzir Segirde ýaşaýan garyndaşlaryňyz Ysawyň nesilleriniň üstünden geçmeli. Olar sizden gorkarlar, şonuň üçin siz örän seresap boluň.
Hudaýyňyz Reb, hakykatdan-da, siziň her bir tutan işiňize bereket berdi. Siziň bu ummasyz çölüň içi bilen barýandygyňyzy Ol bilýärdi. Şol geçen kyrk ýylyň içinde, Hudaýyňyz Reb siziň bilen bile boldy. Siz hiç zada zar bolmadyňyz.
Şeýdip, biz Segirde ýaşaýan garyndaşlarymyz Ysawyň nesilleriniň üstünden geçdik. Eýlat we Esýongeberden Araba düzlügine gidýän ýol bilen gidip, Mowap çölüne tarap ugradyk.
Reb maňa: „Mowaplylara duşman gözi bilen garama ýa-da olar bilen urşa girme, çünki Ar galasyny Lutuň nesillerine mülk berendigim sebäpli, Men size olaryň ýerinden mülk edip, hiç zat berjek däl“ diýdi.
Şeýle hem Segirde horylar ýaşaýardylar, emma Ysawyň nesilleri olary kowup çykardylar. Ysraýyllaryň Rebbiň mülk beren ýerinde edişleri ýaly, Ysawyň nesilleri-de olary ýok edip, ýerlerinde özleri ornaşdylar).
Kadeşbarneýadan ýola düşüp, Zeret deresinden geçýänçäk, dogry otuz sekiz ýyl geçdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, şol döwrüň içinde bu nesliň urşujylary ölüp gutardy.
Ammonlaryň serhedine golaýlaşanyňyzda, olara duşmançylyk gözi bilen garamaň, olar bilen urşa girmäň, sebäbi Men ammonlaryň ýerini size mülk berjek däldirin, çünki Men ol ýeri Lutuň nesillerine berdim“.
Zamzumlar anaklar ýaly uzyn boýludylar, güýçlüdiler we san taýdan köp adamlydylar. Muňa garamazdan, Reb olary ammonlaryň öňünden ýok etdi. Ammonlar olary kowup çykaryp, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar.
Reb Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri bilen hem şeýle etdi. Olaryň öňünden horylary ýok etdi. Ysawyň nesilleri horylary kowup çykaryp, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar. Hatda olar şu güne çenli hem şol ýerde ýaşaýarlar.
„Tur, ýola düş! Arnon jülgesinden geç! Ine, Men Heşbondaky amorlaryň hany Sihony we onuň ýerini seniň eliňe berdim. Ýurdy eýelemäge başla, Sihon bilen urşa gir.
Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri ýaly we Arda ýaşaýan mowaplylar ýaly, sen hem maňa Iordandan geçip, Hudaýymyz Rebbiň bize berýän ýurduna ýetmek üçin öz ýurduňyň üstünden geçmäge rugsat et“.
Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi.
Şol bir wagtyň özünde onuň ähli galalaryny basyp aldyk. Ähli galalaryndaky erkekleri, aýallary we çagalary bütinleý ýok etdik. Ol ýerde ýekeje-de adam galdyrmadyk.
Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Aroger galasyndan başlap (jülgäniň özündäki gala hem degişlidir), tä Gilgada barýança, biziň üçin ýekeje-de berk gala ýokdy. Hudaýymyz Reb olaryň hemmesini biziň elimize berdi.