Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| «Bu günki meniň berýän bu buýruklarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Şonda siz ýaşarsyňyz, köpelersiňiz we Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz. |
| 2 |
| Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy. |
| 3 |
| Ol sizi Özüne boýun egdirip aç goýdy we siziň hem, ata-babalaryňyzyň hem görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi naharlady. Ol muny ynsanyň diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem, Rebbiň agzyndan çykýan her bir sözi bilen hem ýaşap biljekdigine düşünsin diýip etdi. |
| 4 |
| Bu kyrk ýylyň içinde siziň geýen geýimleriňiz ýyrtylyp tozmady, aýaklaryňyz-da gabarmady. |
| 5 |
| Siz şuny ýüregiňizde saklaň, edil ata öz ogluny terbiýeleýşi ýaly, Hudaýyňyz Reb hem sizi terbiýeleýändir. |
| 6 |
| Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň ýolundan ýöräň we Ondan gorkuň, Onuň buýruklaryny ýerine ýetiriň. |
| 7 |
| Çünki Hudaýyňyz Reb sizi gowy ýurda alyp barýar. Ol ýerde çeşmeler, bulaklar, şeýle hem, jülgelerden we daglardan akýan ýerasty suwlary bardyr. |
| 8 |
| Ol ýerde bugdaý, arpa, üzüm, injir, nar, zeýtun agaçlary we bal bardyr. |
| 9 |
| Ol ýerde garnyňyz dok bolar, hiç zada zar bolmarsyňyz. Ol ýurduň daşlary demirden bolup, daglaryndan mis gazyp çykararsyňyz. |
| 10 |
| Siz iýip-içip doýanyňyzdan soň, özüňize gowy ýurt bereni üçin Hudaýyňyz Rebbe alkyş aýdarsyňyz». |
| 11 |
| «Şonuň üçin hem siz ägä boluň, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny, hökümleridir parzlaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwrüp, öz Hudaýyňyz Rebbi unutmaň. |
| 12 |
| Garnyňyz doýanda, ýaşamak üçin kaşaň jaýlar guranyňyzda, |
| 13 |
| mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyz, altyn-kümşüňiz köpelip, ähli zatlaryňyza bereket inende, |
| 14 |
| gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Rebbi unudyp, tekepbirlik etmäň. |
| 15 |
| Beýik we elhenç çöllügiň içi bilen, zäherli ýylanly we içýanly gurak, tozap ýatan ýerlerden sizi Ol alyp geçdi. Kert gaýadan siziň üçin Ol suw çykardy. |
| 16 |
| Sizi Özüne boýun egdirmek üçin synaga salyp, iň soňunda size ýagşylyk etmek üçin, çölde ata-babalaryňyzyň görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi diňe Ol naharlady. |
| 17 |
| Siz öz-özüňize: „Men öz güýjüm bilen ýa-da öz golumyň gudraty bilen bu baýlygy topladym“ diýmäň. |
| 18 |
| Gaýtam, Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzda saklaň, çünki baýlyk toplamaga güýji Ol berýändir. Şonda Ol şu günki görşüňiz ýaly, ata-babalaryňyza wada eden ähtini tassyklar. |
| 19 |
| Eger siz Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzdan çykaryp, başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara sygynyp gulluk etseňiz, onda bu gün men size açyk duýdurýaryn: siz hökman heläk bolarsyňyz. |
| 20 |
| Reb siziň öňüňizden halklary ýok edişi ýaly, sizi hem heläk eder. Çünki siz Hudaýyňyz Rebbe gulak asmadyňyz». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/deuteronomy/008.mp3
34
8