Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| «Eý, ysraýyl halky, gulak sal: indi siz Iordan derýasyndan geçip, özüňizden beýik we güýçli halklaryň ýerlerini mülk edip alarsyňyz. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr. |
| 2 |
| Bilşiňiz ýaly, bu güýçli we uzyn boýly halk Anagyň nesilleridir. Siz olar hakda: „Anaklaryň garşysyna kim çykyp biler?“ diýlenini eşidensiňiz. |
| 3 |
| Bu gün muny bilip goýuň: ýakyp ýok edýän ot kimin Hudaýyňyz Rebbiň Özi siziň öňüňizden geçer. Rebbiň Özi olary gyryp, size boýun egdirer. Şonda Rebbiň söz berşi ýaly, siz olary kowup çykaryp, derrew ýok edersiňiz. |
| 4 |
| Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykaranda, siz öz-özüňize: „Reb dogruçyllygym sebäpli, meni bu ýurda mülk edinmek üçin getirdi“ diýmäň. Bu halklaryň erbetligi sebäpli, Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar. |
| 5 |
| Olaryň ýurduny eýelemegiňiz, siziň dogruçyldygyňyz ýa-da päk ýüreklidigiňiz üçin däldir. Bu halklaryň erbetdigi sebäpli, Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar. Şeýle hem, Reb muny ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba wadasyny ýerine ýetirmek üçin edýär. |
| 6 |
| Bilip goýuň: Hudaýyňyz Reb bu gowy ýurdy size dogruçyllygyňyz üçin berýän däldir, çünki siz boýnuýogyn halksyňyz. |
| 7 |
| Hudaýyňyz Rebbiň çölde nähili gaharyny getirendigiňizi ýadyňyza salyň we ony unutmaň. Müsür ýurdundan çykan günüňizden, tä bu ýere gelen günüňize çenli siz Rebbe garşy baş göterdiňiz. |
| 8 |
| Siz hatda Horepde Rebbiň gaharyny getirdiňiz. Rebbiň size şeýle bir gahary geldi, hatda Ol sizi ýok edip taşlamaga-da taýýardy. |
| 9 |
| Men iki ýasy daş bölegini almaga, ýagny Rebbiň siz bilen eden äht daşlaryny almaga daga çykanymda, men kyrk gije-gündizläp dagda boldum. Ol ýerde men ne çörek iýdim, ne-de suw içdim. |
| 10 |
| Reb maňa Öz eli bilen ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Dagda üýşen günüňiz Rebbiň oduň içinden aýdan ähli sözleri şol daşlaryň ýüzüne ýazylandy. |
| 11 |
| Kyrk gije-gündiz diýlende, Reb maňa iki ýasy daşy — äht daşlaryny berdi. |
| 12 |
| Soňra Reb maňa: „Bar, bu ýerden çalt aşak düş, çünki seniň Müsürden çykaryp getiren bu halkyň azgynçylyga baş urdy. Olar Meniň buýran ýolumdan gaty çalt çykdylar. Olar özlerine but ýasadylar“ diýdi. |
| 13 |
| Reb ýene-de maňa: „Men bu halkyň boýnuýogyndygyny gördüm. |
| 14 |
| Indi Meni olary ýok etmekden saklama, çünki Men olary ýok edip, olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaýyn-da, senden olara görä has güýçli we has köp sanly halk döredeýin“ diýdi. |
| 15 |
| Şeýlelikde, men dagdan düşüp, yzyma gaýtdym. Dag alawlap ýanýardy. Iki sany ýasy äht daş bölekleri hem elimdedi. |
| 16 |
| Soňra men siziň özüňize göläniň şekilinden but ýasap, dogrudan hem Hudaýyňyz Rebbe garşy günä edendigiňizi gördüm. Siz Rebbiň buýran ýolundan gaty çalt çykdyňyz. |
| 17 |
| Şonda men elimde saklap duran iki ýasy daş bölegini zyňyp goýberdim, olar siziň gözüňiziň alnynda çym-pytrak boldy. |
| 18 |
| Soňra men öňki ýaly ýüzin düşüp, kyrk gije-gündizläp Rebbiň huzurynda boldum. Ne çörek iýdim, ne-de suw içdim. Rebbiň nazarynda pis işleri edip, Onuň gaharyny getirmek bilen eden ähli günäleriňiz üçin men şeýle etdim. |
| 19 |
| Çünki Reb gazap atyna atlanyp, sizi ýok eder öýdüp gorkdum. Emma Reb ol gezegem meni diňledi. |
| 20 |
| Rebbiň Haruna hem gaty gahary gelipdi. Ol ony-da ýok etmäge taýýardy. Emma men şol wagtyň özünde Harun üçin hem towakga etdim. |
| 21 |
| Soňra men ýasan günäli butuňyz bolan göläni alyp, ony otda eretdim. Ony ýenjip, kül ýaly owratdym-da, dagdan akýan çeşmä sepip goýberdim. |
| 22 |
| Tabgerada-da, Masada-da, Kibrothatawada-da Rebbiň gaharyny getirdiňiz. |
| 23 |
| Reb size: „Baryň, Meniň size berýän ýurdumy eýeläň“ diýip, Kadeşbarneýadan sizi iberende, siz Hudaýyňyz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterdiňiz, Oňa ne ynandyňyz, ne-de gulak asdyňyz. |
| 24 |
| Meniň sizi tanan günümden bäri, siz Rebbe garşy çykyp gelýärsiňiz. |
| 25 |
| Reb sizi ýok etmegi ýüregine düwende, men kyrk gije-gündizläp Onuň öňünde ýüzin düşüp ýatdym. |
| 26 |
| Men Rebbe ýüzlenip, şeýle dileg etdim: „Eý, Hökmürowan Reb, Öz saýlan aýratyn halkyňy ýok etme. Sen olary Öz beýikligiň bilen gulçulykdan azat edip, gudratly goluň bilen Müsürden çykaryp getirdiň. |
| 27 |
| Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ýakuby ýadyňa sal. Bu halkyň boýnuýogyndygyna, erbetligine we günäsine üns berme. |
| 28 |
| Ýogsam, Seniň bizi alyp çykan ýurduňdaky adamlar bize: ‘Reb olary söz beren ýerine getirip bilmedi. Reb olary ýigrenýändigi sebäpli, çölde öldürmek üçin Müsürden çykaryp getiripdir’ diýerler. |
| 29 |
| Emma bu Seniň beýik gudratyň we güýjüň bilen Müsürden çykaryp getiren Öz saýlan aýratyn halkyň ahyryn“». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/deuteronomy/009.mp3
34
9