Şunlukda, eger Mesih bilen bolmaklyk sizi ruhlandyrýan bolsa, Onuň söýgüsinden teselli tapýan bolsaňyz, Mukaddes Ruh bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan bolsaňyz, rehim-şepagatyňyz we duýgudaşlygyňyz bar bolsa,
Eý, ezizlerim, men ýanyňyzdakam, siz Hudaýyň sözüne gulak asýardyňyz. Emma meniň ýoklugymda gulak asmagyňyz has-da möhümdir. Hudaýyň huzurynda gorka we galpylda gaplanyp, halas bolmak üçin ýagşy işleri amal ediň.
Ýaşaýyş berýän Hoş Habary gaýym tutuň. Şonda men biderek ýere yhlas etmändigim, azabymyň puja çykmandygy babatda Mesihiň geljek gününde magtanyp bilerin.
Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin.
Siz mätäçligimde men barada alada etmek üçin ilçiňiz Epafroditi ýanyma iberipdiňiz. Emma men ony, ýagny öz işdeşimi, söweşdeşimi we doganymy yzyna, siziň ýanyňyza ibermegi makul bildim.