Hawa, eý, çyn işdeşim, senden-de bu aýallara garaşyk etmegi haýyş edýärin, çünki bular meniň bilen, Klement we atlary ýaşaýyş kitabynda ýazylan beýleki işdeşlerim bilen Hoş Habary ýaýratmak ugrunda göreşdiler.
Mahlasy, eý doganlar, dogry, hormatly, adalatly, tämiz, ýakymly, taryplanýan näme bar bolsa, artyk we öwgä mynasyp bir zat bar bolsa, siz şol hakda oýlanyň.
Mätäçlik çekmegi-de, bolelin ýaşamagy-da bilýärin. Her hili ýagdaýda hem doklugyň, hem açlygyň, hem bolelin ýaşamagyň hem-de mätäçlikde bolmagyň syryny öwrendim.
Hoş Habaryň ýaňy ýaýramaga başlan wagtlarynda, men Makedoniýadan ýola düşenimde, özüňizden başga hiç bir ýygnagyň alyş-beriş işinde maňa goşulmandygyny, eý filipililer, siz-de bilýänsiňiz.