Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Şunlukda, eý, söýgüli doganlarym, Rebbiň hatyrasyna berk duruň! Men gara gözüňize zardyryn. Ezizlerim, siz meniň şatlygym we başymyň täjisiňiz. |
| 2 |
| Men Ewodiýa-da, Sintihä-de ýalbarýaryn: Rebbiň hatyrasyna ylalaşykly boluň. |
| 3 |
| Eý, meniň sadyk ýoldaşym, saňa-da ýalbarýaryn: bu aýallara kömek et. Olar men, Klement we ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylan beýleki işdeşlerim bilen birlikde Hoş Habary ýaýratmakda tutanýerli işlediler. |
| 4 |
| Rebde şatlanyň. Ýene-de gaýtalaýaryn: şatlanyň! |
| 5 |
| Goý, ýumşaklygyňyz hemmelere belli bolsun. Reb ýakyndyr. |
| 6 |
| Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň. |
| 7 |
| Şonda Hudaýyň parahatlygy ýürekleriňizi we pikirleriňizi Isa Mesih arkaly gorar. Bu parahatlyk ynsan düşünerden juda belentdir. |
| 8 |
| Umuman, eý, doganlar, hakyky, hormata mynasyp, dogry, päk, ýakymly, ajaýyp näme bar bolsa, şol barada oýlanyň. Hawa, ýagşy we öwgä mynasyp zatlar barada oýlanyň. |
| 9 |
| Menden öwrenen, kabul eden, eşiden we gören zatlaryňyzy amal ediň. Şonda parahatlyk berýän Hudaý siziň bilen bolar. |
| 10 |
| Ahyrsoňy men barada ýene-de alada edip başlanyňyza Rebde örän şatlandym. Siz ozal hem alada edýärdiňiz, ýöne muny görkezmäge mümkinçiligiňiz ýokdy. |
| 11 |
| Men muny nämedir bir zada mätäç bolanym üçin aýtmaýaryn. Sebäbi her ýagdaýda baryma kaýyl bolmagy öwrenendirin. |
| 12 |
| Men mätäçligiň-de, bolelinligiň-de nämedigini bilýärin. Men doklukda ýa açlykda, bolelinlikde ýa mätäçlikde ýaşasam-da, garaz, her ýagdaýda we her halda kanagatly bolmagyň tärini öwrendim. |
| 13 |
| Maňa kuwwat berýän Isa Mesih arkaly ähli zady başarýaryn. |
| 14 |
| Her nähili bolsa-da, meniň muşakgatlaryma şärik bolup, gowy etdiňiz. |
| 15 |
| Eý, filipililer! Men Makedoniýadan çykyp gaýdyp, Hoş Habary ilki-ilkiler wagyz edip başlan döwrümde siziň ýygnagyňyzdan başga ýygnak maňa maddy kömegini beren däldir. Muny siziň özüňiz-de bilýänsiňiz. |
| 16 |
| Siz hatda Saloniki şäherinde mätäçlik çeken döwrümde-de maňa gaýta-gaýta kömegiňizi ýetiripdiňiz. |
| 17 |
| Men muny peşgeşleriňize hantama bolanym üçin aýtmaýaryn. Men siziň bähbidiňiziň artmagyny isleýärin. |
| 18 |
| Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr. |
| 19 |
| Şöhratly Hudaýym Öz baýlygy bilen siziň, ýagny Isa Mesihe degişli bolanlaryň ähli mätäçlikleriniň öwezini dolar. |
| 20 |
| Atamyz Hudaýa ebedi we baky şöhrat bolsun! Omyn. |
| 21 |
| Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolanlaryň baryna salam aýdyň. Meniň ýanymdaky doganlar size salam aýdýarlar. |
| 22 |
| Hudaýyň halkynyň ählisi, ylaýta-da imperatora hyzmat edýänler size salam aýdýarlar. |
| 23 |
| Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, goý, size ýar bolsun! Omyn. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/philippians/004.mp3
4
4