Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Men siziň üçin, Laodikiýadakylar we meni görmedikleriň ählisi üçin, nähili uly göreş alyp barýandygymy siziň bilmegiňizi isleýärin. |
| 2 |
| Ata Hudaýyň syryny, ýagny akyldarlygyň hem bilimiň bütin hazynalarynyň gizlenen Mesihini tanamaklary üçin, |
| 3 |
| düşünjeden ugur alan doly ynamyň baýlygyna gowuşmaklary üçin, söýgüde birigip, ýürekleriniň teselli tapmagyny isleýärin. |
| 4 |
| Muny hiç kim sizi süýji sözler bilen aldamasyn diýip aýdýaryn. |
| 5 |
| Çünki beden boýunça özüm araňyzda ýok hem bolsam, düzgünliligiňizi, Mesihe bolan imanyňyzyň berkligini görüp, ruh boýunça şatlyk bilen siziň ýanyňyzdadyryn. |
| 6 |
| Reb Mesih Isany nähili kabul eden bolsaňyz, Onda şeýle hem geziň. Size öwredilişi ýaly, Onda kök urup abatlanyp, |
| 7 |
| imanda berkäp, köp şükürler ediň. |
| 8 |
| Ätiýajy elden bermäň! Mesih bilen däl-de, adam däpleri we dünýä ýörelgeleri boýunça dörän filosofiýa, boş aldaw bilen biri sizi ýesir edäýmesin! |
| 9 |
| Çünki hudaýlygyň bütin dolulygy beden şekilinde Mesihde ýaşaýandyr. |
| 10 |
| Siz hem ähli hökümdarlyk, ähli häkimiýetler başy bolan Mesihde kämillige gowşansyňyz. |
| 11 |
| Siz Onuň sünneti bilen, günäli tebigaty çykaryp, adam eli bilen edilmedik sünnet bilen Onda sünnetlendiňiz. |
| 12 |
| Çokundyryşda Onuň bilen birlikde gömlüp, Ony ölümden direlden Hudaýyň güýjüne iman edip, Onuň bilen birlikde direldiňiz. |
| 13 |
| Günäliligiňiz bilen, günäli tebigatyňyzyň sünnetsizligi bilen ölükäňiz, Hudaý sizi Onuň bilen birlikde janlandyrdy. Ähli günälerimizi geçdi. |
| 14 |
| Biziň tersimize, kada-kanunlary bilen bize garşy bolan borçnamany öçürdi, ony haça çüýläp, aradan aýyrdy. |
| 15 |
| Hökümdarlaryň, häkimiýetleriň elinden erkini aldy, olary haçda ýeňip, açykdan-açyk paş etdi. |
| 16 |
| Şonuň üçin, hiç kim sizi iýmit we içgi, baýram, täze aý ýa sabat güni hakda höküm etmesin. |
| 17 |
| Bular geljekki zatlaryň kölegesidir, göwre bolsa Mesihdir. |
| 18 |
| Ýalan kiçigöwünlilikden, perişdelere ybadat etmekden lezzet alýan, görmedik zatlaryna garyşýan, tebigy akylynda boş ýere paňkarýan, Başa berk ýapyşmaýanyň biri sizi sylagyňyzdan mahrum etmesin. |
| 19 |
| Bütin beden bogunlaryň hem baglaryň kömegi bilen bu Başdan iýmitlenip, bitewileşip, Hudaýyň beren ösüşi bilen ösýändir. |
| 20 |
| Mesih bilen bilelikde dünýäniň elementlerine ölen bolsaňyz, näme üçin dünýäde ýaşaýanlar ýaly, |
| 21 |
| «Galtaşma, datma, el degirme» ýaly kada-kanunlara uýýarsyňyz? |
| 22 |
| Bularyň hemmesi ulanylma arkaly ýogalmak üçin bellenen, adamlaryň buýruk hem taglymatlaryna daýanýan zatlardyr. |
| 23 |
| Hawa, bu kada-kanunlaryň galp dindarlykda, kiçigöwünlilik we bedeni horlamada akyldarlyk görnüşi bardyr, ýöne günäli tebigaty kanagatlandyrmanyň öňüni almakda peýdasy ýokdur. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/colossians/002.mp3
4
2