Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Men siziň üçin we Laodikiýadaky imanlylaryň, şeýle-de meni tanamaýanlaryň ählisi üçin nähili gaýduwsyz zähmet çekýändigimi bilmegiňizi isleýärin. |
| 2 |
| Men olaryň kalbynyň ruhlanyp, söýgüde birleşmeklerini dileýärin. Şeýdip, olar doly ynama hem baý düşünjä eýe bolup, Ata Hudaýyň syryny, ýagny Mesihi tanasynlar. |
| 3 |
| Çünki akyldarlygyň hem bilimiň ähli hazynasy Mesihde gizlenendir. |
| 4 |
| Muny hiç kim sizi süýji sözler bilen aldamasyn diýip aýdýaryn. |
| 5 |
| Sebäbi men araňyzda bolmasam-da, ýüregimde siziň bilendirin. Siziň tertip-düzgünlidigiňizi, Mesihe bolan berk imanyňyzy görüp şatlanýaryn. |
| 6 |
| Şeýlelikde, Isa Mesihi Rebbiňiz hökmünde kabul edişiňiz ýaly, Onuň görkezen ýoly bilen ýöräň. |
| 7 |
| Alkyşlar bilen dolup-daşyp, Mesihde kök uruň we bina ediliň, özüňize öwredilişi ýaly, imanda berk duruň. |
| 8 |
| Hüşgär boluň! Hiç kim sizi boş hem ýalan pelsepeler bilen ýesir edäýmesin, sebäbi beýle gepler Mesihe däl-de, ynsan däp-dessurlaryna we pany dünýäniň ýörelgelerine esaslanýandyr. |
| 9 |
| Çünki Hudaýyň doly kämilligi bir beden kimin Mesihde ýaşaýar. |
| 10 |
| Siz hem her bir güýjüň we ygtyýarlygyň başy bolan Mesih arkaly bitewülige gowuşdyňyz. |
| 11 |
| Siz Onuň bilen birleşmek arkaly sünnet hem edildiňiz. Bu beden sünneti däl-de, Mesih arkaly edilen sünnet bolup, günäli tebigatyňyzyň kesilip taşlanmagydyr. |
| 12 |
| Siz çümdüriliş arkaly Mesih bilen bile jaýlandyňyz we Ony ölümden direlden Hudaýyň gudratyna iman edip, Mesih bilen birlikde direldiňiz. |
| 13 |
| Owal siz sünnetsiz bolan öňki tebigatyňyzda günäleriňiz zerarly ölüdiňiz. Indi bolsa Hudaý ähli günäleriňizi bagyşlap, sizi Mesih bilen bile direltdi. |
| 14 |
| Ol bize garşy ýazylan bergidarlyk ýazgysyny öçürdi, ony haça çüýläp, aradan aýyrdy. |
| 15 |
| Hudaý ruhy güýçleriň we ygtyýarlyklaryň elinden ýaragyny aldy we olary Isa Mesih arkaly ýeňip, açykdan-açyk paş etdi. |
| 16 |
| Şonuň üçin hem hiç kim size azyk-owkat, dini baýram, Täze Aý ýa-da Sabat güni hakda höküm çykarmasyn. |
| 17 |
| Bular geljekki zatlaryň kölegesidi, emma hakykat Mesihiň Özüdir. |
| 18 |
| Ýalandan pespälsireýän we perişdelere sežde edýän adam sizi Hudaýyň sylagyndan mahrum etmesin. Şeýle adam gören görnüşlerine magtanýandyr, emma bu boş ýere paňkarýan ynsan pikir ýöretmesidir. |
| 19 |
| Şeýdip, ol adam bedeniň Başy bolan Mesih bilen baglanyşygyny ýitirendir. Bu beden bolsa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda her bir bognuň kömegi bilen birigip, Başdan iýmitlenýär we Hudaýyň islegine görä ösýär. |
| 20 |
| [20-21] Siz Mesih bilen ölüp, bu pany dünýäniň ýörelgelerinden azat bolduňyz. Onda näme üçin henizem bu dünýä degişli ýaly, «Muňa galtaşma», «Muny iýme», «Muňa el degirme» diýen ynsan kadalaryna eýerýärsiňiz? |
| 21 |
| 22 |
| Bu düzgünleriň hemmesi ulanyldygyça ýok bolup gider, sebäbi olar ynsan buýruklaryna we taglymatlaryna esaslanýandyr. |
| 23 |
| Elbetde, bu urp-adatlar galp dindarlykda, pespälsirän bolmakda, bedene ezýet çekdirmekde akyldarlyk ýaly görünýändir, emma bularyň ynsanyň pis niýetiniň öňüni almakda hiç bir peýdasy ýokdur. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/colossians/002.mp3
4
2