Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Şunlukda, Mesih bilen bile direlendigiňize görä, Gökdäki zatlary, Mesihiň Hudaýyň sagynda oturan ýerindäki zatlary küýsäň. |
| 2 |
| Ünsüňizi Ýerdäki däl-de, Gökdäki zatlara gönükdiriň. |
| 3 |
| Çünki siz ölensiňiz, ýaşaýşyňyz Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir. |
| 4 |
| Biziň ýaşaýşymyz bolan Mesih aýan bolanda, siz hem Onuň bilen bile şöhratda aýan bolarsyňyz. |
| 5 |
| Şonuň üçin ýerdäki tebigatyňyza mahsus bolan zyna, hapalyk, şehwet, höwesler we butparazlyga barabar bolan husytlyk ýaly islegleriňizi öldüriň. |
| 6 |
| Hudaýyň gahar-gazaby Onuň sözüne gulak asmaýanlaryň üstüne şu zatlar üçin inýär. |
| 7 |
| Ozallar şeýle gezen wagtyňyz bu ýollardan siz hem ýörediňiz. |
| 8 |
| Indi bolsa beýle zatlaryň ählisini: gahary, gazaby, ýamanlygy, sögünji we agzyňyzdan çykýan hapa sözleri taşlaň. |
| 9 |
| Öňki ýaradylyşy erbet işleri bilen bile egniňizden çykaryp, |
| 10 |
| Ýaradanyň keşbine görä, Hudaýy tanamagyňyz üçin, täzelenen täze ýaradylyşy geýnenligiňiz sebäpli, biri-biriňize ýalan söz aýtmaň. |
| 11 |
| Bu täzelikde grek we ýehudy, sünnetlilik we sünnetsizlik, warwar, skif, gul we azat arasynda parh ýok, ýöne Mesih her zatdyr, her zatdadyr. |
| 12 |
| Şeýlelik bilen, Hudaýyň mukaddes hem söýgüli saýlananlary hökmünde rehimdarlyk ýüregini, ýagşylygy, kiçigöwünliligi, ýumşaklygy we sabry geýniň. |
| 13 |
| Biri-biriňize sabyr-takatly boluň. Birew birewden kineli bolsa, Mesihiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem birek-biregi bagyşlaň. |
| 14 |
| Bularyň hemmesiniň üstünden-de kämil birligiň bagy bolan söýgini geýiň. |
| 15 |
| Ýüregiňizde Mesihiň parahatçylygy höküm sürsün. Siz bir bedeniň agzalary bolup, bu parahatçylyga çagyrylansyňyz. Minnetdar hem boluň. |
| 16 |
| Mesihiň sözi bütin baýlygy bilen ýüregiňizde ýaşasyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize öwrediň, öwüt beriň, mezmurlar, öwgüli aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, şükür bilen ýüregiňizden Rebbe nagma okaň. |
| 17 |
| Söz bilen ýa iş bilen näme etseňiz, baryny Reb Isanyň ady bilen, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür edip berjaý ediň. |
| 18 |
| Eý aýallar, Rebde ýaraşykly bolşy ýaly, äriňize tabyn boluň. |
| 19 |
| Eý ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz bolmaň. |
| 20 |
| Eý çagalar, ähli zatda ata-eneňiziň sözüne gulak asyň. Çünki bu Rebbiň halaýanydyr. |
| 21 |
| Eý atalar, çagalaryňyzy ynjatmaň, olar ruhdan düşmesin. |
| 22 |
| Eý gullar, ähli zatda dünýädäki hojaýynyňyzyň sözlerine gulak asyň. Muny göze ýakymly görünýän hyzmatlar bilen adama ýaranmak isleýänler ýaly etmän, eýsem, ýürek sadalygy bilen, Rebden gorkup ýerine ýetiriň. |
| 23 |
| Rebden miras sylagyny aljagyňyzy bilip, |
| 24 |
| her näme etseňiz, adamlar üçin däl-de, Reb üçin ýürekden işläň. Siz Reb Mesihe gulluk edýänsiňiz. |
| 25 |
| Ýamanlyk eden öz eden ýamanlygynyň almytyny alar. Onda ýüz görme ýokdur. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/colossians/003.mp3
4
3