Şonuň bilen birlikde Hudaýyň sözüni ýaýradyp, ugrunda meniň bendi bolan Mesihimiň syryny aýan eder ýaly, Hudaý bize bir gapy açsyn diýip, biziň üçin hem doga ediň.
Tussagda meniň bilen bile bolýan ýoldaşym Aristarkus bilen Barnabasyň ýegeni Markus size salam aýdýar. Markus baradaky buýruklary alansyňyz, barsa, ony kabul ediň.
Ýustus lakamly Ýeşu hem size salam aýdýar. Hudaýyň Patyşalygy üçin zähmet çekýän işdeşlerim bolan sünnetliler diňe şulardyr. Bular maňa teselli berdiler.
Özüňizden bolan, Mesih Isanyň guly Epafra size salam aýdýar. Ol Hudaýyň her isleginde kämil bolup, doly ynam bilen duruň diýip, dogalarynda hemişe siziň üçin göreş edýär.