Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Ata Hudaý we Reb Isa Mesihde bolan selanikli imanlylar ýygnagyna Pawlusdan, Silwanusdan we Timoteosdan salam! Atamyz Hudaýdan, Reb Isa Mesihden size merhemet hem parahatlyk bolsun! |
| 2 |
| Biz sizi dogalarymyzda ýatlap, elmydama baryňyz üçin Hudaýa şükür edýäris. |
| 3 |
| Imanyň hasyly bolan işiňizi, söýgüden emele gelen zähmetiňizi, Rebbimiz Isa Mesihe baglan umydyňyzdan dörän çydamyňyzy Hudaýymyz hem Atamyz öňünde dyngysyz ýatlaýarys. |
| 4 |
| Eý, Hudaý tarapyndan söýülýän doganlarym! Biz Onuň sizi saýlanyny bilýäris. |
| 5 |
| Çünki biziň ýaýradýan Hoş Habarymyz size diňe bir söz bilen däl-de, gudrat bilen, Mukaddes Ruh bilen, uly ynam bilen gelip gowuşdy. Biz araňyzdakak siziň peýdaňyz üçin nähili ýaşandygymyzy özüňiz bilýänsiňiz. |
| 6 |
| Siz agyr muşakgatlara garamazdan, Mukaddes Ruhuň beren şatlygy bilen sözi kabul edip, bizden we Rebden görelde aldyňyz. |
| 7 |
| Şeýdip hem Makedoniýa bilen Ahaýadaky bütin imanlylara görelde bolduňyz. |
| 8 |
| Çünki Rebbiň sözi sizden eşidilip ugrady. Hudaýa bolan imanyňyzyň habary diňe Makedoniýa, Ahaýa däl-de, hemme ýere ýaýrady. Şoňa görä-de, bize gürrüň berere zat galmady. |
| 9 |
| Sebäbi olaryň özleri bizi nähili garşylandygyňyzy aýdyp, diri, hakyky Hudaýa gulluk etjek bolup, |
| 10 |
| Onuň ölümden direlden, bizi geljekki gazapdan halas eden Ogly Isanyň Gökden gelmegine garaşmak üçin butlardan Hudaýa tarap öwrülendigiňizi gürrüň edýärler. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/1thessalonians/001.mp3
5
1