Bilşiňiz ýaly, biz öň Filipide horluk çekip, kemsidilmelere sezewar bolduk, ýöne uly garşylyk bolsa-da, Hudaýyň Hoş Habaryny size wagyz etmek üçin Hudaý bize gaýrat berdi.
Doganlar, özüňiz zähmetimizi, çeken azabymyzy ýada salaýansyňyz: biz Hudaýyň Hoş Habaryny size wagyz edenimizde hiç biriňize agram salmajak bolup, gije-gündiz işledik.
Şonuň üçin hem Hudaýa dyngysyz şükür edýäris. Çünki siz Hudaýyň sözüni bizden eşidip kabul edeniňizde, muny adam sözi hökmünde däl-de, hakykatda bolşy ýaly, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiňiz. Siz imanlylarda işleýän söz budur.
Sebäbi, eý doganlar, siz Hudaýyň Ýahudada Mesih Isa degişli bolan ýygnaklaryny görelde edindiňiz. Olaryň ýehudylardan çeken şol jebirlerini öz ildeşleriňizden çekdiňiz.
Hem Reb Isany, hem-de öz pygamberlerini öldüren, bizi hem kowalan ýehudylardyr. Olar özge milletlerden bolanlara gürrüň bermegimize, şeýdip hem olaryň gutulmagyna ýol bermezlik bilen, Hudaýyň halamaýan zadyny edýärler, bütin adamlara duşman bolýarlar.