Biziň ozal Filipide horluk çekendigimizi, kemsidilendigimizi hem bilýänsiňiz. Indi bolsa bärde-de garşylyga duçar bolduk. Emma muňa garamazdan, Hudaý Öz Hoş Habaryny size hem wagyz etmek üçin bize gujur-gaýrat berdi.
Hudaý bizi mynasyp saýyp, Hoş Habary ýaýratmagy bize ynandy. Şonuň üçin-de, biz adamlaryň däl, eýsem ýürekleri synaýan Hudaýyň göwnünden turjak bolup gürleýäris.
Biz Mesihiň resullary hökmünde size agram salyp, gopbamsyrap hem bilerdik. Emma biz araňyzda bir gara ýer kimin gezdik, sizi enäniň öz balasyny söýşi dek söýdük.
Eziz doganlarym! Biziň çeken agyr zähmetimiz, gören görgülerimiz ýadyňyzdadyr. Hoş Habary size wagyz eden döwrümizde hiç kime agram salmajak bolup, gije-gündiz işledik.
[11-12] Biz sizi Öz Şalygyna, şöhratyna çagyrýan Hudaýa mynasyp ýaşamagyňyzy tabşyrdyk. Biz siziň her biriňize atanyň öz perzendine garaýşy kimin garap, sizi ruhlandyrdyk, göwünlik berdik. Bularyň baryny özüňiz-de bilýänsiňiz.
Siz Hudaýyň Hoş Habaryny bizden eşidip kabul edeniňizde, muny ynsan habary hökmünde däl, eýsem, hakykatdan-da, Hudaýyňky diýip kabul etdiňiz. Siz imanlylara täsir edýän-de bu Habardyr. Şoňa görä-de, biz siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükürler edýäris.
Eý, doganlar! Siz Hudaýyň Ýahudyýa ýurdundaky ýygnaklarynyň, ýagny Isa Mesihiň jemagatynyň göreldesine eýerdiňiz. Şoňa görä-de, bu ýygnaklaryň ýahudylardan çeken jebirlerini siz hem öz ildeşleriňizden çekmeli bolduňyz.
[15-16] Ýahudylar pygamberleri we Reb Isany öldürdiler, bizi bolsa gysyp çykardylar. Olar başga milletleriň-de halas bolmagy üçin wagyz edilýän Hoş Habara böwet bolmakçy bolýarlar. Ýahudylar Hudaýy närazy edip, hemme adamlara garşy çykýarlar. Şunlukda, olaryň günäleri hetden aşyp barýar. Hudaýyň gazaby eýýäm olaryň başyndan inendir.
Eý, doganlar, biz oý-pikirlerimizde siziň bilen bolsak-da, didaryňyzdan az wagtlyk mahrum edildik. Şonda biziň sizi örän göresimiz geldi! Siziň didaryňyzy görmek üçin elimizden gelenini etdik.