Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Biz didaryňyzdan mundan artyk mahrum bolmaga çydaman, Afinyda ýeke galmagy makul gördük. |
| 2 |
| Siziň ýanyňyza bolsa Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmak üçin Hudaýyň hyzmatynda egindeşimiz bolan Timoteos doganymyzy iberdik. Biz muny sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin, |
| 3 |
| muşakgatlar zerarly siziň hiç biriňiz imandan dänmesin diýip etdik. Ýöne özüňiz bilýänsiňiz, bu muşakgatlar Mesihe iman getirenleriň başynda bardyr. |
| 4 |
| Biz muşakgat çekjekdigimizi heniz ýanyňyzdakak öňünden aýdypdyk. Bilşiňiz ýaly, şeýle hem boldy. |
| 5 |
| Şoňa görä-de, mundan artyk çydap bilmän, imanyňyzdan habar almak üçin, men Timoteosy ýanyňyza iberdim. Çünki azdyryjy şeýtanyň haýsydyr bir ýol bilen sizi azdyryp, azabymyzyň biderek bolaryndan gorkdum. |
| 6 |
| Emma ýanyňyzdan şu pursat gelen Timoteos siziň imanyňyz we söýgiňiz barada oňat habarlar getirdi. Ol bizi hemişe ýagşylykda ýatlaýandygyňyzy, sizi göresimiziň gelşi ýaly, siziň-de bizi gaty küýseýändigiňizi gürrüň berdi. |
| 7 |
| Şoňa görä-de, eý, doganlar, ähli muşakgatlarymyza we yzarlanmalara garamazdan, siziň imanyňyzdan teselli tapdyk. |
| 8 |
| Siziň Rebde berk durmagyňyz indi janymyza jan goşýar. |
| 9 |
| Biz Hudaýymyzyň öňünde siz sebäpli örän şatlandyk. Siziň üçin Hudaýa näçe şükürler aýtsagam azdyr! |
| 10 |
| Biz didaryňyzy görmek we imanyňyzyň artmagy üçin, gije-gündiz erjellik bilen doga-dileg edýäris. |
| 11 |
| Indi bolsa size tarap ýolumyzy, goý, Atamyz Hudaýyň Özi hem-de Rebbimiz Isa açsyn. |
| 12 |
| Biziň sizi söýşümiz ýaly, goý, Reb biri-biriňize, ähli adamlara bolan söýgiňizi artdyryp, pürepür etsin. |
| 13 |
| Rebbimiz Isa Öz ähli perişdeleri bilen bile gelende, Atamyz Hudaýyň öňünde aýypsyz we mukaddes bolup bileriňiz ýaly, goý, Ol ýürekleriňizi kuwwatlandyrsyn. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/1thessalonians/003.mp3
5
3