Mahlasy, eý doganlar, nähili gezmelidigi, Hudaýy nähili hoşnut etmelidigi barada bizden öwrenişiňiz ýaly, şoňa görä-de gezişiňiz ýaly, bu işde has köp ilerlemegiňizi Reb Isanyň ady bilen sizden haýyş edip ýalbarýarys.
Çünki Rebbiň Özi emirli gygyryş bilen, baş perişdäniň sesi bilen, Hudaýyň surnaýy bilen Gökden iner, şeýlelikde, ilki bilen Mesihe degişli ölüler direler.
Ondan soňra biz, galan diriler olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris. Şeýlelikde, elmydama Reb bilen bile bolarys.