Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Eý, doganlar, biz Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny size öwretdik. Siz hakykatdan hem şeýle ýaşaýarsyňyz. Indi bolsa şeýle ýaşamakda has-da ilerlemegiňizi Reb Isanyň adyndan size ündeýäris. |
| 2 |
| Size Reb Isanyň haýsy tabşyryklaryny berenimizi bilýärsiňiz ahyryn. |
| 3 |
| Hudaýyň islegi şulardyr: mukaddes boluň, zyna etmäň; |
| 4 |
| her kes öz bedenine päklik we abraý bilen eýelik etsin, |
| 5 |
| Hudaýy tanamaýan milletler ýaly öz bedeniňizi haram keýpe bermäň; |
| 6 |
| şu tärde doganyňyza ahlaksyzlyk etmäň, ony aldamaň. Ozal size aýdyp, berk duýduryşymyz ýaly, şeýle günäleriň ählisi üçin Reb ynsanlary jezalandyrar. |
| 7 |
| Çünki Hudaý bizi haramlyga däl-de, halal ýaşamaga çagyrdy. |
| 8 |
| Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir. |
| 9 |
| Dogan söýgüsi barada ýazyp-da oturjak däl, sebäbi birek-biregi söýmegi size Hudaýyň Özi öwretdi ahyryn. |
| 10 |
| Hakykatdan-da, siz tutuş Makedoniýadaky ähli doganlaryňyzy söýýärsiňiz. Emma şonda-da, eý, doganlar, bu söýgiňizi mundan beýläk has-da artdyryň diýip ýalbarýarys. |
| 11 |
| Size buýruşymyz ýaly, gep-gürrüňsiz ýaşamaga, diňe öz işiňiz bilen meşgul bolmaga, eklenjiňizi özüňiz gazanmaga yhlas ediň. |
| 12 |
| Şonda Mesihe iman etmeýänler size hormat goýarlar. Siz hiç kimden hiç zada zar bolmarsyňyz. |
| 13 |
| Eý, doganlar, siziň-de umytsyz adamlar ýaly hasrat çekmezligiňiz üçin, merhumlar babatda bilmegiňizi isleýäris. |
| 14 |
| Biz Isanyň ölüp direlenine ynanýarys. Şoňa görä-de, Hudaýyň Isa Mesihe gowşan merhumlary Onuň bilen yzyna getirjekdigine-de ynanmalydyrys. |
| 15 |
| Rebbiň sözüne daýanyp, size şuny aýdýarys: biz — diriler, Reb gaýdyp gelende, Onuň bilen merhumlardan öň duşuşmarys. |
| 16 |
| Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesihe gowşan merhumlar direler. |
| 17 |
| Soňra bolsa biz, ýagny diriler, olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris we elmydama Reb bilen bolarys. |
| 18 |
| Şoňa görä-de, şu sözler bilen birek-biregi ruhlandyryň. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/1thessalonians/004.mp3
5
4