Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Eý, doganlar, bu wakalaryň wagty we seneleri hakda size ýazmagyň geregi ýok. |
| 2 |
| Rebbiň güni bir ogrynyň gelşi ýaly geler, muny özüňiz-de bilýänsiňiz ahyryn. |
| 3 |
| Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar. |
| 4 |
| Emma, eý, doganlar, Rebbiň güni siziň üstüňizi bir ogry kimin duýdansyz basmasyn, sebäbi siz garaňkylykda däl ahyryn. |
| 5 |
| Siziň baryňyz nura we gündize degişlisiňiz. Biz tümlüge ýa gijä degişli däldiris. |
| 6 |
| Şunlukda, ukudaky adamlar ýaly bolmalyň. Tersine, oýa we hüşgär bolalyň. |
| 7 |
| Çünki uklaýanlar gije uklaýandyrlar, serhoş bolýanlar-da gije serhoş bolýandyrlar. |
| 8 |
| [8-9] Biz bolsa gündize degişlidiris. Hudaý bizi gazaba duçar bolmaga däl, eýsem Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas bolmaga belledi. Şoňa görä-de, egnimize iman bilen söýgini sowut hökmünde, başymyza halas bolmak umydyny tuwulga hökmünde geýip, hüşgär bolalyň. |
| 9 |
| 10 |
| Isa Mesih biziň üçin öldi. Ol muny biz ýaşasak-da, ölsek-de, Onuň bilen ýaşap bilmegimiz üçin etdi. |
| 11 |
| Şoňa görä-de, edil şu wagt edişiňiz ýaly, biri-biriňize öwüt-ündew beriň, ruhlandyryň. |
| 12 |
| Indi bolsa, eý, doganlar, sizden şulary haýyş etmekçi: araňyzda zähmet çekýänleriň, Reb ýolunda size öňbaşçylyk edýänleriň, terbiýe berýänleriň gadyryny biliň; |
| 13 |
| edýän işleri üçin olary söýüň, olara uly hormat goýuň; özara parahat ýaşaň. |
| 14 |
| Eý, doganlar, size ýalbarýarys: bikär gezýänleri ýazgaryň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler babatda sabyr-takatly boluň. |
| 15 |
| Hiç kimiň ýamanlyga ýamanlyk gaýtarmaýandygyna göz ýetiriň. Gaýtam, biri-biriňize we hemmelere ýagşylyk etjek boluň. |
| 16 |
| Hemişe şatlanyň. |
| 17 |
| Dyngysyz doga-dileg ediň. |
| 18 |
| Her ýagdaýa şükür ediň. Hawa, Isa Mesihe degişli bolan siz babatda Hudaýyň islegi şulardyr. |
| 19 |
| Mukaddes Ruhuň oduny söndürmäň. |
| 20 |
| Pygamberlik sözlerine äsgermezçilik etmäň. |
| 21 |
| Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň. |
| 22 |
| Her hili erbetlikden gaça duruň. |
| 23 |
| Goý, parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý sizi hemmetaraplaýyn päklesin. Rebbimiz Isa Mesih gelende ruhuňyz, janyňyz we bedeniňiz aýypsyz bolsun. |
| 24 |
| Hudaý muny başarar. Çünki sizi çagyran Hudaý ynamdardyr. |
| 25 |
| Doganlar, biziň üçin doga-dileg ediň. |
| 26 |
| Doganlaryň hemmesini mähirli ogşap salamlaşyň. |
| 27 |
| Bu haty doganlaryň baryna okap bermegi Rebbiň adyndan size tabşyrýaryn. |
| 28 |
| Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun! |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/1thessalonians/005.mp3
5
5