Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Atamyz Hudaý we Reb Isa Mesihde bolan selanikli imanlylar ýygnagyna Pawlusdan, Silwanusdan we Timoteosdan salam! |
| 2 |
| Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin! |
| 3 |
| Eý doganlar, biz siz babatda elmydama Hudaýa şükür etmäge borçludyrys. Beýle etmegimiz ýaraşyklydyr. Çünki siziň imanyňyz gitdigiçe ösýär, her biriňiziň beýlekä bolan söýgüsi artýar. |
| 4 |
| Şeýlelik bilen, biz çekýän azaryňyzda, muşakgatyňyzda görkezýän çydam hem imanyňyz üçin, Hudaýyň ýygnaklary arasynda siziň bilen magtanýarys. |
| 5 |
| Bularyň bary Hudaýyň adalatly höküminiň belgisidir. Şonuň netijesinde, siz ugrunda görgi görýän Hudaýyňyzyň Patyşalygyna mynasyp saýylarsyňyz. |
| 6 |
| Çünki size muşakgat çekdirenlere Hudaýyň muşakgat bilen gaýtargy bermegi, |
| 7 |
| muşakgat çeken sizi-de biziň bilen bile ynjaltmagy Onuň adyllygyna ýaraşyklydyr. Bu zatlar Reb Isa oduň ýalnynda güýçli perişdeleri bilen Gökden gelip görnen mahaly ýüze çykar. |
| 8 |
| Rebbimiz Isa Hudaýy tanamaýanlary, Özi baradaky Hoş Habara uýmaýanlary jezalar. |
| 9 |
| Bular Onuň huzuryndan, güýjüniň şöhratyndan daş bolup, ebedi heläkçilik jezasyny çekerler. |
| 10 |
| Ol günde Reb Öz mukaddeslerinde şöhratlanmak, bütin iman edenleri täsin galdyrmak üçin şol gün gelende, şeýle bolar. Siz hem iman edenlerdensiňiz, çünki siz özüňize beren güwäligimize ynandyňyz. |
| 11 |
| Şonuň üçin Hudaýymyz sizi Öz çakylygyna mynasyp saýsyn, ýagşylyga bolan ähli arzuwyňyzy, imandan ugur alan ähli işiňizi gudrat bilen amala aşyrsyn diýip, hemişe siziň üçin doga edýäris. |
| 12 |
| Biz muny Hudaýymyzyň we Reb Isa Mesihiň merhemetine görä, Rebbimiz Isanyň ady sizde şöhratlansyn, siz hem Onda şöhratlanyň diýip edýäris. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/2thessalonians/001.mp3
3
1