Rebbiň gününiň gelip ýetenligini aýdýan bir ruh, bir söz ýa bizden baran ýaly edip görkezilen bir hat siziň pikiriňizi haýdan-haý sarsdyrmasyn, gorka salmasyn.
Bu adam Hudaý diýilýän ýa-da çokunylýan her zada garşy durup, özüni hemmeden ýokary tutar, hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.
Emma biz, eý, Reb tarapyndan söýülýän doganlar, siz üçin hemişe Hudaýa şükür etmäge borçludyrys. Çünki Hudaý sizi Ruh arkaly mukaddes edilip, hakykata ynanmak bilen gutulmagyňyz üçin başlangyçdan saýlady.