|
| 1 |
|
| Mahlasy, doganlar, Rebbiň sözüniň, siziň araňyzda bolşy ýaly, çaltlyk bilen ýaýrap, şöhratlanmagy üçin, biz barada doga ediň. |
|
| 2 |
|
| Erbet, ýaman adamlardan gutulmagymyz üçin doga ediň. Çünki hemmesi iman getiren däldir. |
|
| 3 |
|
| Emma Reb ynamdardyr. Ol sizi berkider, iblisden gorar. |
|
| 4 |
|
| Biziň buýranlarymyzy hem edýänligiňize, hem-de etjekdigiňize Rebde size ynamymyz bar. |
|
| 5 |
|
| Reb ýüregiňizi Hudaýyň söýgüsine, Mesihiň sabryna gönükdirsin. |
|
| 6 |
|
| Doganlar, bizden alan taglymatyňyza uýmaýan, boş gezýän her bir dogandan daş durmagyňyzy Reb Isa Mesihiň adyndan size buýurýarys. |
|
| 7 |
|
| Çünki bizi nähili görelde edinmelidigiňizi özüňiz bilýänsiňiz. Sebäbi biz siziň araňyzda boş gezmedik. |
|
| 8 |
|
| Hiç kimiň çöregini hem mugt iýmän, siziň hiç biriňize agram salmajak bolup, zähmet çekip gije-gündiz azap bilen işledik. |
|
| 9 |
|
| Biz muny sizden ýardam almaga hakymyzyň bolmanlygy üçin däl, eýsem, bizden görelde alar ýaly, size nusga bolmak üçin etdik. |
|
| 10 |
|
| Biz ýanyňyzdakak hem size: «Kim işlemek islemeýän bolsa, onda ol damak-da iýmesin» diýen buýrugy berdik. |
|
| 11 |
|
| Çünki siziň araňyzda käbir adamlaryň boş gezýänini, hiç bir iş etmän, beýlekileriň işine gatyşýanyny eşidýäris. |
|
| 12 |
|
| Beýle adamlara gep-gürrüňsiz işläp, öz çöreklerini gazanmagy Reb Isa Mesihiň adyndan buýrup, nesihat berýäris. |
|
| 13 |
|
| Emma siz doganlar, ýagşylyk etmekde ýadamaň. |
|
| 14 |
|
| Kim bu hatda aýdanlarymyza gulak asmasa, ony belgä alyň. Onuň bilen gatnaşyk etmän, utandyryň. |
|
| 15 |
|
| Ony duşman hökmünde görmän, ýöne bir dogan hökmünde oňa öwüt beriň. |
|
| 16 |
|
| Parahatlygyň gözbaşy bolan Rebbiň Özi size hemişe, her ýagdaýda parahatlyk bersin! Reb baryňyz bilen bolsun! |
|
| 17 |
|
| Men Pawlus bu salamy size öz elim bilen ýazýandyryn. Meniň her hatymdaky belgim şudur, şeýle ýazýaryn. |
|
| 18 |
|
| Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň baryňyz bilen bolsun! |
|
|
|
|