Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Her zatdan öň şuny ündeýärin: biz takwa hem agras, aram we gep-gürrüňsiz ýaşar ýaly, bütin adamlar, |
| 2 |
| patyşalar we häkimiýet eýeleriniň bary üçin dilegler, dogalar, ýalbaryşlar hem şükürler edilsin. |
| 3 |
| Çünki bu oňat we Halasgärimiz Hudaýyň halaýan zadydyr. |
| 4 |
| Ol bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýändir. |
| 5 |
| Çünki Hudaý birdir. Hudaý bilen adam arasynda durýan ýeke-täk Töwellaçy bardyr. |
| 6 |
| Ol hem ynsan bolan, Özüni hemmeler üçin töleg hökmünde hödürlän Mesih Isadyr. Muňa-da öz wagtynda güwä geçilendir. |
| 7 |
| Şu maksat bilen jarçy, resul hökmünde Mesihde hakykaty aýdýaryn, ýalan sözlemeýärin ― men ýehudy dällere imany hem hakykaty öwrediji bolup bellendim. |
| 8 |
| Erkekleriň gaharlanyp jedelleşmän, her ýerde mukaddes eller galdyryp doga etmegini isleýärin. |
| 9 |
| Aýallaryň hem saç örümleri, gyzyllar, hünjüler we gymmatbaha eşikler bilen däl-de, eýsem, ýaraşykly egin-eşikler, haýa we salykatlylyk bilen, |
| 10 |
| Hudaý ýolunda gezýändiklerini ykrar edýän aýallara ýaraşýan ýagşy işler bilen özlerini bezemeklerini isleýärin. |
| 11 |
| Aýal sessizlik, tutuşlygyna tabynlyk içinde öwrensin. |
| 12 |
| Aýalyň sapak bermegine, erkege agalyk etmegine rugsat etmeýärin, ol sessiz-üýnsüz bolsun. |
| 13 |
| Çünki öňürti Adam, onsoň Howa ýaradyldy. |
| 14 |
| Aldanan hem Adam däldi, aýal aldanyp, ýazykly boldy. |
| 15 |
| Ýöne aýal salykatlylyk bilen, imanda, söýgüde we mukaddeslikde bolup, çaga dogurmak bilen gutular. |
| Bellikleri ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/1timothy/002.mp3
6
2