Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Şoňa görä, eý, Timoteos, ilki bilen şulary ündeýärin: hemmeler üçin doga-dileg ediň, olar üçin Hudaýa ýalbaryň, Oňa minnetdarlyk bildiriň. |
| 2 |
| Parahat we gep-gürrüňsiz, her zatda Hudaýyň ýörelgesine eýerip, edepli ýaşap bilerimiz ýaly, patyşalar we ygtyýarlylaryň ählisi üçin doga-dileg ediň. |
| 3 |
| Bu haýyrlydyr, Halasgärimiz Hudaýyň halaýanydyr. |
| 4 |
| Ol hemme adamlaryň hakykaty bilip, halas bolmagyny isleýändir. |
| 5 |
| Çünki ýeke-täk bir Hudaý bardyr. Hudaý bilen adamlaryň arasynda hem ýeke-täk bir Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan Isa Mesihdir. |
| 6 |
| Isa Mesih hemmeleri azat etmek üçin, Özüni gurban etdi. Şeýdip, Ol Hudaýyň niýetini tassyklady. Hudaýyň niýeti bolsa gelejekde her bir adamy Öz bellän wagtynda halas etmekden ybaratdyr. |
| 7 |
| Hut şu maksat üçin, men jarçy we resul edilip bellendim. Dogrymy aýdýaryn, sözlerimde asla ýalan ýokdur: men ýahudy dällere iman baradaky hakykaty öwretmäge bellendim. |
| 8 |
| Şoňa görä-de, erkekleriň gaharlanman, jedelleşmän, ähli ýerde ellerini galdyryp, päk ýürekden doga-dileg etmeklerini isleýärin. |
| 9 |
| Aýallar hem saçlaryny gereginden artyk owadanlamasynlar, özlerini tylla we merjen şaý-sepleri, gymmatbaha eginbaşlary bilen bezemesinler. Tersine, sada geýnip, asyllylyk we haýa bilen |
| 10 |
| öz ýagşy işlerine beslensinler. Hudaýyň ýörelgelerine eýerýändiklerini ykrar edýän aýallara şeýle etmek ýaraşýandyr. |
| 11 |
| Aýal ýygnakda öwredilýän zatlary ümsüm we doly tabynlykda öwrensin. |
| 12 |
| Aýalyň ýygnakda öwretmegine, erkegiň üstünden agalyk sürmegine ygtyýar bermeýärin. Ol sessiz-üýnsüz bolsun. |
| 13 |
| Çünki ilki Adam ata, onsoň How ene ýaradyldy. |
| 14 |
| [14-15] Aldananam Adam ata däldi. Aýal aldanyp, günä gazandy we näletlenip, dogrum burgularyna sezewar edildi. Emma aýal iman edip, söýgi we halallyk ýörelgelerine eýerse, bu nälete garamazdan halas ediler. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/1timothy/002.mp3
6
2