Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Ine, bir dogry söz: kim gözegçi bolmaga jan çekýän bolsa, onda ol oňat işi arzuw edýär. |
| 2 |
| Şoňa görä-de, gözegçi müýnsüz, diňe bir aýalyň äri, hüşgär, sagdyn düşünjeli, gepi-sözi ýerlikli, myhmansöýer, öwretmäge ukyply, |
| 3 |
| şeraba höwesjeň däl, igenjeň däl, ýumşak, uruşdan gaçýan, haram gazanç etmeýän bolmalydyr. |
| 4 |
| Öz öýüni oňat dolandyrmaly, doly agraslyk bilen çagalaryna diýenini etdirmelidir. |
| 5 |
| Kim öz öýüni dolandyryp bilmeýän bolsa, onda ol Hudaýyň ýygnagynyň aladasyny nähili eder? |
| 6 |
| Gözegçi ýaňy iman getireniň biri bolmaly däl, ýogsa, tekepbirlik edip, iblisiň sezewar bolan hökmüne sezewar bolmagy mümkin. |
| 7 |
| Aýyplanjak ýagdaýa, iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndakylar tarapyndan-da oňat diýip güwä geçilýän adam bolmalydyr. |
| 8 |
| Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçylary hem hormatly, ikidilli däl, köp şeraba höwessiz, haram gazanç etmeýän, |
| 9 |
| sap wyždan bilen imanyň syryny saklaýan adamlar bolmalydyr. |
| 10 |
| Bular hem öňürti synalsyn, onsoň, müýnsüz bolsalar hyzmat etsinler. |
| 11 |
| Şonuň ýaly-da, aýallary hem hormatly, myjabatçy däl, hüşgär, her zatda wepaly bolmalydyr. |
| 12 |
| Hyzmatçylar diňe bir aýalyň äri, çagalaryny, öz öýlerini oňat dolandyrýan adamlar bolsun. |
| 13 |
| Çünki hyzmatlaryny oňat berjaý edýänler özlerine oňat dereje, Mesih Isa iman etmekde uly gaýrat gazanýandyr. |
| 14 |
| Men az wagtdan seniň ýanyňa barmagy umyt edýärin. |
| 15 |
| Ýöne bulary saňa men gijä galsam, Hudaýyň maşgalasy, ýagny hakykatyň diregi hem daýanjy bolan diri Hudaýyň ýygnagy arasynda özüňi nähili alyp barmagy bilmegiň üçin ýazýaryn. |
| 16 |
| Hudaýyň ýolunyň syry uludyr, muny hiç kim inkär edip bilmez. Hudaý bedende aýan boldy, Ruhda tassyklandy, perişdeler tarapyndan görüldi, milletlere wagyz edildi, dünýäde Oňa iman getirildi, şöhrat içinde ýokary alyndy. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/1timothy/003.mp3
6
3