|
| 1 |
|
| Ruh nygtap aýdýar: soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner. |
|
| 2 |
|
| Ynsaplaryna dag basylan ýalançylaryň ikiýüzlüligi zerarly aldawçy ruhlara, jynlaryň taglymatlaryna gulak asar. |
|
| 3 |
|
| Bu ýalançylar öýlenmegi gadagan eder, iman edip, hakykaty bilýänleriň şükür bilen iýmeleri üçin, Hudaýyň ýaradan tagamlaryndan gaça durmagy buýrar. |
|
| 4 |
|
| Hudaýyň ýaradan bar zady gowudyr, şükür bilen kabul edilse, hiç bir zat ret edilmeli däldir. |
|
| 5 |
|
| Çünki bar zat Hudaýyň sözi we doga arkaly mukaddes edilýändir. |
|
| 6 |
|
| Sen bulary doganlaryň ýadyna salsaň, imanyň, eýeren oňat taglymatyň sözleri bilen ýetişdirilip, Mesih Isanyň oňat hyzmatkäri bolarsyň. |
|
| 7 |
|
| Ýaramaz hekaýalary, kempirleriň ertekilerini ret edip, özüňi Hudaýyň ýolunda werdiş et. |
|
| 8 |
|
| Beden maşkynyň peýdasy azdyr, ýöne häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasyna eýe bolan takwalyk her ugurdan peýdalydyr. |
|
| 9 |
|
| Bu söz dogry sözdür, her jähetden makullanmaga laýykdyr. |
|
| 10 |
|
| Biz munuň üçin zähmet çekýäris, sögünç eşidýäris. Çünki umydymyzy ähli adamlaryň, ylaýta-da, iman edenleriň Halasgäri diri Hudaýa bagladyk. |
|
| 11 |
|
| Bu zatlary buýur, öwret. |
|
| 12 |
|
| Hiç kim seni ýaşdygyň üçin äsgermezlik etmesin. Gep-gürrüňde, ýaşaýyşda, söýgüde, Ruhda imanda we tämiz ahlakda iman getirenlere görelde bol. |
|
| 13 |
|
| Men barýançam, Mukaddes Ýazgylary ýygnaga okamak, öwüt-ündew etmek, öwretmek bilen meşgul bol. |
|
| 14 |
|
| Pygamberlik sözi arkaly we ýaşulular guramasynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen özüňe berlen ruhy sylagy gözden salma. |
|
| 15 |
|
| Bu işlerde yhlasly bol. Ilerleýşiňi hemmeleriň görmegi üçin, bular bilen meşgullan. |
|
| 16 |
|
| Özüňe hem taglymata dykgat et, bu işleri dowam etdir. Sebäbi muny etmek bilen, sen hem özüňi, hem özüňe gulak asýanlary halas edersiň. |
|
|
: |
| 1 | | 2 | | 3 | | 4 | | 5 | | 6 | | 7 | | 8 | | 9 | | 10 | | 11 | | 12 | | 13 | | 14 | | 15 | | 16 | 1
1
1 |
|
|---|
|
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/1timothy/004.mp3
6
4