Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Garry adamy ynjatma, oňa öz ataň ýaly, öwüt-ündew ber. |
| 2 |
| Ýaş ýigitlere öz doganlaryň ýaly, garry aýallara öz eneň ýaly, ýaş aýallara hem öz aýal doganlaryň ýaly, tämiz ahlak bilen öwüt-ündew et. |
| 3 |
| Dul hatynlary, çyndan dul bolsalar syla. |
| 4 |
| Bir dul hatynyň çagalary ýa agtyklary bar bolsa, onda olar öňürti öz maşgalalaryna ýardam etmek bilen, Hudaý ýolunda gezmegi, öz ulularyna bolan borçlaryny ödemegi öwrensinler. Çünki bu Hudaýyň halanydyr. |
| 5 |
| Çyn dul bolup, ýeke galan hatyn umydyny Hudaýa baglaýandyr. Gije-gündiz dileglerde, dogalarda erjellik edýändir. |
| 6 |
| Emma aýşy-eşretde ýaşaýan dul hatyn dirilikde ölüdir. |
| 7 |
| Müýnsüz bolmagy üçin, bu zatlary olara buýur. |
| 8 |
| Biri öz ýakynlarynyň, ylaýta-da, öz maşgalasynyň aladasyny etmeýän bolsa, onda ol imany inkär edip, imansyzdan beter bolandyr. |
| 9 |
| Ýagşy işlerde güwä geçilýän, diňe bir äre aýal bolup, altmyş ýaşdan aşak bolmadyk dul hatyn, |
| 10 |
| oglan-uşak ýetişdiren bolsa, ýatlary myhman alan bolsa, mukaddesleriň aýaklaryny ýuwan bolsa, muşakgat çekýänlere ýardam eden bolsa, her bir oňat işiň yzynda ylgan bolsa, ady dullar depderine ýazylsyn. |
| 11 |
| Ýaş dul hatynlaryň atlaryny ýazmagy ret et. Çünki olar höwese düşüp, Mesihden uzaklaşanlarynda, äre barjak bolar. |
| 12 |
| Şeýlelikde, öňki imany taşlandyklary zerarly, jeza sezewar bolarlar. |
| 13 |
| Mundan başga-da, öýin-öýin aýlanyp, ýaltalyga öwrenişerler. Diňe ýaltalyga öwrenişmek bilen çäklenmän, eýsem, ýaraşyksyz gepleri agza alyp, beýlekileriň işlerine garyşýan gepçiler bolar. |
| 14 |
| Şonuň üçin, men ýaş dul hatynlaryň äre barmaklaryny, çaga dogurmaklaryny, hojalygy dolandyrmaklaryny, duşmana hiç bir myjabat üçin bahana bermezliklerini isleýärin. |
| 15 |
| Çünki käbirleri azyp, eýýäm şeýtanyň yzyna eýerdi. |
| 16 |
| Iman eden bir erkegiň ýa aýalyň dul galan dogan-garyndaşlary bar bolsa, olary goldasyn, imanlylar ýygnagyna agram düşmesin. Şeýle, ýygnak çyn dul hatynlary goldap biler. |
| 17 |
| Ýygnagy oňat dolandyrýan ýaşulular, ylaýta-da, Hudaýyň sözüni ýaýratmakda, öwretmekde zähmet çekýänler iki esse hormata laýyk görülsin. |
| 18 |
| Çünki Mukaddes Ýazgy: «Harman döwýän öküziň agzyny baglama», «Işçi öz hakyna mynasypdyr» diýýär. |
| 19 |
| Iki ýa üç şaýat bolmasa, bir ýaşuly hakdaky aýyplamany kabul etme. |
| 20 |
| Beýlekiler hem gorkar ýaly, günä edýänlere hemmeleriň öňünde temmi ber. |
| 21 |
| Öňünden höküm etmän, hiç zatda birinden ýüz görmän, bu ýazanlarymy goramagyňy Hudaýyň, Mesih Isanyň we saýlanan perişdeleriň öňünde saňa berk tabşyrýaryn. |
| 22 |
| Biriniň depesine el goýmakda howlukma, başga kişileriň günälerine şärik bolma. Özüňi tämiz sakla. |
| 23 |
| Diňe suw içmän, aşgazanyň we ýygy-ýygydan bolýan nähoşlugyň üçin az-kem şerap iç. |
| 24 |
| Käbir adamlaryň günäleri bellidir, höküme olardan öň ýetýändir. Käbirleriniňki bolsa soň aýan bolýandyr. |
| 25 |
| Şonuň ýaly, oňat işler-de bellidir, belli däller-de ýaşyryn galyp bilmez. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/1timothy/005.mp3
6
5