Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Gulluk boýuntyrygy astyndakylaryň hemmesi Hudaýyň adyna, taglymatyna dil ýetmez ýaly, öz hojaýynlaryny sylag-hormata mynasyp bilsin. |
| 2 |
| Hojaýynlary iman getiren gullar bolsa dogan bolandyklary üçin, olary äsgermezlik etmän, gaýtam, has beter hyzmat etsin. Çünki bu oňat hyzmatdan peýdalanýanlar imanly hem söýgülidir. Bulary öwret, ünde. |
| 3 |
| Kim-de kim başga taglymaty ýaýradyp, sagdyn sözleri, Rebbimiz Isa Mesihiň sözlerini we Hudaýyň ýoluna degişli taglymaty oňlamaýan bolsa, |
| 4 |
| onda ol tekepbirdir, hiç zady bilýän däldir, jedel, söz dawalarynyň hassasydyr. Göripçilik, çekişme, ýamanlama, erbet şübheler, |
| 5 |
| pikirleri zaýalanyp, Hudaýyň ýoluny gazanç ýoly hasaplap, hakykatdan mahrum bolan adamlaryň üznüksiz jedelleri şu zatlardan ugur alýandyr. Beýle adamlardan gaça duruň. |
| 6 |
| Baryňa kaýyl bolup, Hudaýyň ýolundan ýöremek uly gazançdyr. |
| 7 |
| Çünki biz dünýä hiç bir zat getirmedik, hiç bir zat hem äkidip bilmejegimiz bellidir. |
| 8 |
| Iýmäge, geýmäge zadymyz bar bolsa, bulara kaýyldyrys. |
| 9 |
| Baýajak bolýanlar bolsa synaglaryň duzagyna düşüp, adamlary çöküşe, heläkçilige sokýan ençeme düşnüksiz hem zyýanly höweslere ýolukýandyr. |
| 10 |
| Çünki her hili erbetligiň bir köki pul söýgüsidir. Käbir adamlar munuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, köp sanjylar bilen özlerini gynadylar. |
| 11 |
| Emma sen, eý Hudaý adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulygyň, Hudaýyň ýolunyň, imanyň, söýginiň, sabyr hem ýumşaklygyň yzynda ylga. |
| 12 |
| Imanyň oňat göreşini alyp bar. Ebedi ýaşaýşa ýapyş. Sen muňa çagyrylyp, ençeme şaýadyň öňünde imany oňat ykrar edensiň. |
| 13 |
| Bar zada ýaşaýyş beren Hudaýyň we Pontius Pilatusyň garşysynda oňat ykrar eden Mesih Isanyň huzurynda saňa tabşyrýaryn, |
| 14 |
| Rebbimiz Isa Mesih gelýänçä, Hudaýyň buýrugyny çirksiz we müýnsüz sakla. |
| 15 |
| Mübärek, täk Hökümdar, patyşalar Patyşasy, rebler Rebbi, |
| 16 |
| ölümsizligiň ýeke-täk eýesi, ýetdirmez nurda ýaşaýan, hiç bir ynsanyň görmedik hem görüp bilmejek Hudaýy Mesihi öz wagtynda görkezer. Hormat hem gudrat baky Onuňky bolsun! Omyn. |
| 17 |
| Häzirki döwürdäki baýlara tekepbir bolmazlygy tabşyr. Wepasyz baýlyga däl-de, lezzet almagymyz üçin, her zady bize bolluk bilen beren diri Hudaýa umyt baglasynlar. |
| 18 |
| Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işlere baý bolmagy, sahylygy, jomartlygy tabşyr. |
| 19 |
| Soňsuz ýaşaýşa eýe bolar ýaly, geljek üçin özlerine berk bina boljak hazynany birikdirsinler. |
| 20 |
| Eý Timoteos, özüňe ynanylyp berleni gora. Ýaramaz, boş sözlerden, ýalan ýere bilim diýilýän gapma-garşylyklardan ýüz dönder. |
| 21 |
| Bu ýalan bilimi ykrar edip, käbir adamlar imandan azaşdylar. Hudaýyň merhemeti seniň bilen bolsun! Omyn. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/1timothy/006.mp3
6
6