Bu zatlary hemmelere ýatladyp dur. Sözleriň manysy barada dawalaşmazlygy olara Hudaýyň huzurynda berk tabşyr. Sebäbi şeýle dawalar peýda getirmän, diňleýänleri heläkçilige uçradýandyr.
Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat « Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.
Uly hojalykdaky gaplaryň ählisi altyndan we kümüşden däldir. Olaryň arasynda agaçdan, toýundan ýasalanlary hem bardyr. Olaryň käbiri dabaraly, käbiri bolsa adaty maksatlar üçin ulanylýandyr.
Imanlylar babatda hem şeýle: özüni her tüýsli ýamanlykdan saklaýan imanly ýörite saýlanylyp, Hojaýyny üçin ýaramly gap kimin bolar. Ol islendik ýagşy işler üçin taýýardyr.
Ol özüne garşy çykýan adamlara hem ýumşaklyk bilen öwüt-ündew bermelidir. Belki, Hudaý bu adamlaryň hem toba gelmegine bir ýol açar. Olar-da hakykaty bilip,