Eý, oglum, imanlylara häli-şindi şulary ýatladyp dur: goý, olar hökümdarlara we ygtyýarlylara gulak asyp, olara tabyn bolsunlar, islendik wagt ýagşylyk etmäge taýyn bolsunlar.
Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.
biz dogrulyga daýanyp eden işlerimiz arkaly däl-de, Onuň rehim-şepagaty arkaly halas edildik. Hudaý bizi Mukaddes Ruh arkaly özgerdip, gaýtadan dogluş arkaly tämizledi.
[6-7] Biz Hudaýyň merhemeti bilen aklanyp, Onuň baky ýaşaýşa umyt baglaýan mirasdüşerleri bolar ýaly, Hudaý bize Halasgärimiz Isa Mesih arkaly Mukaddes Ruhy boldan-bol eçildi.
Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.
Men Artamy ýa-da Tihiki seniň ýanyňa ýollamakçy. Olardan biri barandan soň, gaýrat edip, Nikopolise, meniň ýanyma geljek bol. Sebäbi men gyşy şu ýerde geçirmegi ýüregime düwdüm.
Meniň ýanymdakylaryň ählisi saňa salam aýdýar. Sen hem bizi söýýän imanly doganlarymyzyň baryna salam aýt. Goý, Hudaýyň merhemeti siziň baryňyza ýar bolsun!