|
| 1 |
| Mesih Isanyň ugrunda bendi bolan men, Pawlusdan, Timoteos dogandan, söýgüli işdeşimiz bolan sen Filimuna, |
| 2 |
| aýal doganymyz Affiýa, söweşdeş ýoldaşymyz Arhipusa we seniň öýüňdäki imanlylar ýygnagyna salam! |
| 3 |
| Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin. Şükür we doga |
| 4 |
| seniň Reb Isa bolan imanyňy, bütin mukaddeslere bolan söýgiňi eşidip, Hudaýyma şükür edýärin. |
| 5 |
| Seni dogalarymda elmydama ýatlaýaryn. |
| 6 |
| Mesihde özüňize degişli bütin ýagşy zatlary biler ýaly, özüňdäki imany beýlekiler bilen paýlaşmakda täsirli bolmagyň üçin doga edýärin. |
| 7 |
| Sebäbi men seniň söýgiň arkaly uly şatlyk hem teselli tapdym, çünki, eý dogan, seniň saýaňda bütin mukaddesleriň ýüregine ynjalyk berildi. Pawlusyň Onesimus baradaky haýyşy |
| 8 |
| şu sebäpden gerekli bolanyny saňa buýurmaga Mesihde uly batyrlygym bolsa-da, |
| 9 |
| men, garry Pawlus, şu wagt hem Mesih Isanyň ugrunda bendiniň biri hökmünde söýginiň hatyrasyna senden haýyş etmegi eý görýärin. |
| 10 |
| Men tussagdakam özüne atalyk eden, |
| 11 |
| bir wagtlar saňa peýdasyz, ýöne şindi hem saňa, hem maňa peýdasy degýän oglum Onesimus üçin senden haýyş edýärin. |
| 12 |
| Ony, ýagny ýürejigimi yzyna saňa ýollaýaryn, ony kabul et. |
| 13 |
| Hoş Habaryň ugrunda tussagdakam, seniň ýeriňe maňa hyzmat etmegi üçin, ony öz ýanymda alyp galmak isleýärdim, |
| 14 |
| ýöne etjek ýagşylygyň mejbury ýaly däl-de, meýletin bolar ýaly, senden soragsyz hiç bir zady etmek islemedim. |
| 15 |
| Belki-de, onuň wagtlaýynça senden aýrylmagy, ony hemişelik yzyna almagyň üçin bolandyr. |
| 16 |
| Ony indi bir gul däl-de, guldan artykmaç söýgüli dogan hökmünde yzyna alarsyň. Ol ylaýta-da meniň üçin, has-da seniň üçin hem bedende, hem-de Rebde bir söýgüli dogandyr. |
| 17 |
| Şoňa görä, meni öz ýoldaşyň hökmünde görýän bolsaň, ony meni kabul edýän ýaly kabul et. |
| 18 |
| Ol saňa her hili erbetlik eden bolsa ýa-da bir borjy bar bolsa, muny maňa ýaz. |
| 19 |
| Men Pawlus, muny öz elim bilen ýazýaryn, özüm bererin. Seniň hem öz ýaşaýşyň bilen maňa borçludygyňy aýtmagymyň geregi ýok. |
| 20 |
| Hawa, dogan, Rebde maňa bir peýdaň degsin, Mesihde ýüregime ynjalyk ber. |
| 21 |
| Sözüme gulak asjagyňa ynam edip, aýdanlarymdan hem känräk etjegiňi bilip saňa ýazýaryn. |
| 22 |
| Şonuň bilen birlikde, maňa-da galara ýer taýynla. Çünki dogalaryňyz arkaly size bagyşlanaryn diýen umydym bar. |
| 23 |
| Mesih Isa ugrunda meniň bilen tussagda bile bolýan Epafra, |
| 24 |
| işdeşlerim Markus, Aristarkus, Dima we Luka saňa salam aýdýarlar. |
| 25 |
| Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň ruhuňyz bilen bolsun! Omyn. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/philemon/001.mp3
1
1