Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Hudaý gadym zamanlarda pygamberler arkaly ençeme gezek dürli ýollar bilen atalarymyz bilen gepleşipdir. |
| 2 |
| Ol soňky wagtlarda hem bar zadyň mirasçysy edip belläni we Ol arkaly älemi ýaradan Oglunda biziň bilen gepleşdi. |
| 3 |
| Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymy, Onuň barlygynyň keşbi bolup, bar zady gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden tämizländen soň, Gökde Şöhratlynyň sagynda oturdy. |
| 4 |
| Ol perişdelerden näçe üstün ady miras alan bolsa, şonça-da olardan üstün boldy. |
| 5 |
| Çünki Hudaý heý-de perişdeleriň birine: «Sen Meniň Oglumsyň, Men bu gün Seniň Ataň boldum», «Men Oňa Ata, Ol-da Maňa Ogul bolar» diýipmi? |
| 6 |
| Ýene Hudaý Özüniň ilkinji doglan Ogluny dünýä iberende: «Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsin» diýýär. |
| 7 |
| Perişdeler hakda: «Ol perişdelerini ýel, hyzmatkärlerini ot ýalny edýändir» diýýän bolsa, |
| 8 |
| Ogly hakda: «Eý Hudaý, Seniň tagtyň bakydyr, dogrulyk hasasy Seniň Patyşalygyň hasasydyr» diýýär. |
| 9 |
| «Sen dogrulygy söýüp, kanunsyzlygy ýigrendiň. Munuň üçin Hudaý ― Seniň Hudaýyň Seni şatlyk ýagy bilen ýoldaşlaryňdan artyk mesh etdi». |
| 10 |
| Ýa Reb, başlangyçda Ýeriň düýbüni Sen tutduň. Gök hem Seniň elleriňiň işidir. |
| 11 |
| Olar ýogalar, diňe Sen galarsyň. Hemmesi bir eşik ýaly köneler. |
| 12 |
| Olary bir geýim ýaly düýrersiň, olar üýtgär. Emma Sen şol durşuňa durarsyň, Seniň ýyllaryň tükenmez». |
| 13 |
| Hudaý perişdeleriň birine heý: «Duşmanlaryňy aýaklaryň astyna basgançak edýänçäm, Meniň sagymda otur» diýipmi? |
| 14 |
| Perişdeleriň ählisi gutulyşy miras aljaklara hyzmat etmek üçin iberilen hyzmatkär ruhlar dälmi näme? |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/hebrews/001.mp3
13
1