Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Mukaddes Kanun geljekki oňat zatlaryň asly däl-de, kölegesidir. Şu sebäpli her ýyl üznüksiz hödürlenen şol bir gurbanlar bilen Hudaýa ýakynlanlary hiç haçan kämillige ýetirip bilmez. |
| 2 |
| Ýetirip bilsedi, onda gurban hödürlemek bes edilmezmidi? Çünki ybadat edenlerde bir gezek günäden tämizlenenden soň, indi günä aňy galmazdy. |
| 3 |
| Emma ol gurbanlar günäleriň barlygyny her ýyl ýada salýar. |
| 4 |
| Çünki öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleriň aýrylmagy mümkin däldir. |
| 5 |
| Munuň üçin Mesih dünýä gelýärkä diýýär: «Gurban, sowgat islemän, Maňa bir beden taýýarladyň. |
| 6 |
| Ähli ýakylýan sowgatlary, günä üçin hödürlenýän gurbanlary halamadyň. |
| 7 |
| Şonda Men diýdim: Kanun kitabynda Men hakda ýazylyşy ýaly, Seniň islegiňi berjaý etjek bolup, Eý Hudaýym, ine, Men geldim». |
| 8 |
| Ozal Kanuna görä hödürlenenler hakda «gurbanlary, sowgatlary, ähli ýakylýan sowgatlary, günä üçin hödürlenýän gurbanlary islemediň, halamadyň» diýdi. |
| 9 |
| Soňra-da «Eý Hudaý, Seniň islegiňi berjaý etjek bolup, ine, Men geldim» diýdi. Şeýdip, Mesih ikinjini berkarar etmek üçin, birinjini aradan aýyrýar. |
| 10 |
| Biz bu isleg boýunça Isa Mesihiň bedeniniň bir gezek hödürlenmegi bilen mukaddes edildik. |
| 11 |
| Her bir ruhany bolsa günuzyn durup, gulluk edip, günäleri asla ýuwup bilmeýän şol bir gurbanlary öwran-öwran hödürleýär. |
| 12 |
| Emma Mesih günäleriň deregine hemişelik üçin diňe bir gurban hödürländen soň, Hudaýyň sagynda oturdy. |
| 13 |
| Şondan bäri hem duşmanlarynyň Öz aýaklarynyň astyna basgançak edilmegine garaşýar. |
| 14 |
| Çünki mukaddes edilenleri diňe bir gurban bilen hemişelik kämillige ýetirdi. |
| 15 |
| Mukaddes Ruh hem bu hakda bize güwä geçýär. Ilki: |
| 16 |
| «Reb: Ol günlerden soň olar bilen baglajak ähtim budur diýýär: Kanunlarymy olaryň ýüregine goýup, bulary aňlaryna ýazaryn» diýýär. |
| 17 |
| Onsoň: «Indi olaryň günälerini, kanunsyzlyklaryny ýada salmaryn» diýýär. |
| 18 |
| Bularyň bagyşlanan ýerinde, indi günä üçin gurban bolmaz. |
| 19 |
| Şoňa görä, eý doganlar, Isanyň gany bilen tutudan geçmäge, ýagny Öz bedeninden bize açan täze hem diri ýolundan mukaddes ýere girmäge bizde gaýrat bardyr. |
| 20 |
| Hudaýyň öýüne jogapkär uly Ruhanymyz hem bardyr. |
| 21 |
| Şoňa görä, ýüregimiz erbet ynsapdan tämizlenip, bedenlerimiz tämiz suw bilen ýuwlup, imanyň beren ynamy bilen çyn ýürekden Hudaýa ýakynlaşalyň. |
| 22 |
| Umydymyzyň ykraryny berk saklalyň. |
| 23 |
| Çünki wadany beren Hudaý ynamdardyr. |
| 24 |
| Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň. |
| 25 |
| Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýman, gaýtam, ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görseňiz, şonça-da biri-birimizi ruhlandyralyň. |
| 26 |
| Çünki hakykaty bilenimizden soň, bilgeşleýin günä etsek, günäler üçin indi gurban galman, |
| 27 |
| diňe garaşylan hökümiň howpy, duşmanlary ýuwutjak gyzgyn ot galar. |
| 28 |
| Musanyň kanunyny ret eden adam, iki ýa üç güwäniň sözi bilen rehimsiz ölýär. |
| 29 |
| Hudaýyň Ogluny basalan, özüni mukaddes eden ähtiň ganyny mukaddes hasaplamadyk, merhemet Ruhuny ryswa eden adam mundan näçe agyr jeza sezewar bolar öýdýärsiňiz? |
| 30 |
| Çünki biz, «Öç Meniňkidir, almytyny Men berjek», ýene-de «Reb Öz halkynyň üstünden höküm çykarar» Diýeni tanaýarys. |
| 31 |
| Diri Hudaýyň eline düşmek elhençdir! |
| 32 |
| Siz bolsa ýagtylyga çykanyňyzdan soň, görgüler bilen uly göreşe döz gelen ilki günleriňizi ýada salyň. |
| 33 |
| Siz bir tarapdan aç-açan sütemler hem muşakgatlara sezewar edildiňiz, bir tarapdan hem şeýle ýagdaýlara uçranlara ýoldaş bolduňyz. |
| 34 |
| Çünki siz hem tussaglykda çeken dertlerime şärik bolduňyz, hem-de özüňiziň oňat, durumly malyňyzyň barlygyny bilip, mallaryňyzyň talanmagyny begenç bilen unadyňyz. |
| 35 |
| Şeýlelikde, gaýratyňyzy elden bermäň, onuň sylagy uludyr. |
| 36 |
| Çünki Hudaýyň islegini berjaý edeňizden soň wada gowşar ýaly, sabyr size gereklidir. |
| 37 |
| Çünki az salymdan soň: «Geljek geler, gijä galmaz. |
| 38 |
| Meniň dogry adamym iman bilen ýaşar. Eger-de yza çekilse, Men ony halamaryn». |
| 39 |
| Biz yza çekilip, heläklenýänlerden däl-de, iman edip gutulýanlardandyrys. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/hebrews/010.mp3
13
10