Onda şeýle uly gutulyşy görmezlige salsak, biz nähili gaçyp bileris? Bu gutulyşy ozal başda Reb yglan etdi, Ondan eşidenler bolsa ony bize tassykladylar.
Bar zady Onuň aýaklarynyň astynda goýduň». Hudaý bar zady Oňa tabyn etdi, Oňa bagly däl zat goýmady. Ýöne welin hemme zadyň Oňa baglydygyny biz entek görmeýäris.
Emma perişdelerden az-kem pes tutulan Isa Hudaýyň merhemeti bilen her ynsan üçin ölümi dadar ýaly, gören ölüm görgüsi üçin şöhrat hem hormat täjiniň geýdirilenini görýäris.
Ençeme ogullary şöhrata ýetirýärkä, olaryň gutulyşynyň Öňbaşçysyny görgüler arkaly kämillige ýetirmek hemme zadyň Özi üçin we Özi arkaly bar bolan Hudaýa ýaraşyklydy.
Çagalaryň et hem gandandygyna görä, Özi hem olaryňky bilen bir adam sypatyna girdi. Ol muny ölüm güýjüne eýe bolany, ýagny iblisi ölüm arkaly ýogaltjak,
Şonuň üçin Ol halkyň günälerini Hudaýa bagyşlatmak, Hudaýyň gullugynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhany bolmak üçin, her taýdan doganlaryna meňzemeli boldy.