|
| 1 |
|
| Şonuň üçin, eý, asmandan gelen çakylyga şärik bolan mukaddes doganlar, biziň ykrar eden imanymyzyň Resuly hem Baş Ruhanysy Isa serediň. |
|
| 2 |
|
| Ol Musanyň, Hudaýyň tutuş öýünde sadyk galyşy ýaly, Özüni belläne wepadar galdy. |
|
| 3 |
|
| Öýi ýasanyň öýden kän hormat görşi ýaly, Isa-da Musanyňkydan beýik şöhrata mynasyp görüldi. |
|
| 4 |
|
| Çünki her öý biri tarapyndan ýasalýar, Hudaý bolsa bar zady ýasandyr. |
|
| 5 |
|
| Musa geljekde sözlenjek sözlere güwä geçmek üçin, Hudaýyň bütin öýünde bir hyzmatkär bolup sadyk galdy. |
|
| 6 |
|
| Emma Mesih Onuň öýüne jogapkär Ogul hökmünde sadykdyr. Batyrlygymyzy, magtanýan umydymyzy soňuna çenli berk saklasak, Onuň öýi bizdiris. |
|
| 7 |
|
| Şonuň üçin Mukaddes Ruhuň aýdyşy ýaly: «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz, |
|
| 8 |
|
| çölde synalan günüňizdäki pitnede bolşy ýaly, ýüregiňizi gatatmaň. |
|
| 9 |
|
| Atalaryňyz ol ýerde Meni barlap synadylar, kyrk ýyllap Meniň edýänlerimi görüp gezdiler. |
|
| 10 |
|
| Şonuň üçin Men bu nesle gaharlanyp: olar elmydam ýüreklerinde azaşýar, Meniň ýollarymy bilmediler diýdim. |
|
| 11 |
|
| Gaharlananymda: olar dynçlyk ülkäme girmez! diýip ant içdim». |
|
| 12 |
|
| Eý doganlar, habardar boluň, siziň biriňizde diri Hudaýdan daşlaşan imansyzlygyň erbet ýüregi bolaýmasyn. |
|
| 13 |
|
| Siziň hiç biriňiziň ýüregiňiz günäniň aldawçylygy bilen gatamaz ýaly, «gün şu gündür» diýilýärkä, her gün biri-biriňizi ruhlandyryň. |
|
| 14 |
|
| Çünki başlangyçdaky ynamy soňuna çenli berk saklasak, bu Mesihe şärik boldugymyzdyr. |
|
| 15 |
|
| Ozal aýdylyşy ýaly, «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz, pitnede bolşy ýaly, ýüregiňizi gatatmaň». |
|
| 16 |
|
| Onuň sesini eşidip hem pitne turzanlar kimlerdi? Musa arkaly Müsürden çykarylanlaryň hemmesi dälmidi? |
|
| 17 |
|
| Hudaý kyrk ýyllap kime gaharlandy? Günä edip, maslyklary çölde serlip galanlara dälmi? |
|
| 18 |
|
| Sözüne gulak asmaýanlardan başga Öz dynçlyk ülkesine kimler girmez diýip ant içdi? |
|
| 19 |
|
| Biz, imansyzlyk edendikleri üçin, olaryň girip bilmändiklerini görýäris. |
|
|
|
|