Dünýäniň ýaradylyşynyň başynda işlerini tamamlan Hudaýyň: «Gaharlananymda: olar dynçlyk ülkäme girmezler diýip ant içdim» diýşi ýaly, biz iman getirenler bu dynçlyga gireris.
Şonuň üçin Hudaý köp wagtdan soň, Dawut arkaly aýdylyşy ýaly: «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz, ýüregiňizi gatatmaň» diýende, «bu gün» diýmek bilen ýene bir güni belleýär.
Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan hem ruhy, bogunlary hem ýiligi bölýänçä batýandyr, ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýändir.