Bular Musa berlen görkezmä görä, asmana degişli zatlaryň nusgasy hem kölegesine hyzmat edýärler. Çünki Musa çadyry gurajak bolup ýörkä, Hudaý oňa: «Ähli zady dagda saňa görkezilen nusga görä etjek bol» diýipdi.
Bu olaryň atalaryny Müsür ýurdundan çykarjak bolup, ellerinden tutan günüm olar bilen baglan ähtim ýaly bolmaz. Çünki olar ähtime bagly bolup galmadylar, Men hem olary indemedim, Reb diýýär.
Ol günlerden soň, Reb diýýär, Ysraýyl halky bilen baglajak ähtim ine, şu: Öz kanunlarymy olaryň aňyna berip, bulary ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolar.