Emma içki bölüme ýylda bir gezek diňe baş ruhany girýär. Ol hem özi üçin, halkyň nadanlykdan eden ýazyklary üçin hödürlän gurbanynyň gany bolmasa, girip bilmez.
Emma Mesih geljekki oňat işleriň baş ruhanysy bolup geldi. Ol ynsan eli bilen ýasalmadyk, ýagny bu ýaradylyşdan bolmadyk has uly, has kämil çadyrdan geçip,
onda Özüni ebedi Ruh arkaly Hudaýa müýnsüz hödürlän Mesihiň gany diri Hudaýa ybadat etmegimiz üçin biziň ynsabymyzy ölüm getirýän işlerden näçe artykmaç tämizlär!
Şu sebäpli hem, Mesih birinji äht astynda edilen jenaýatlary bagyşlatjak bolup, gutulyş gazandyrýan gurban hökmünde öldi, çagyrylanlar ebedi mirasy alsynlar diýip, täze ähtiň töwellaçysy boldy.
Musa Mukaddes Kanunyň her buýrugyny bütin halka bildirenden soň, gyp-gyzyl ýüňi, zufa otuny, suw bilen göleleriň hem-de erkeçleriň ganyny alyp, kitabyň, bütin halkyň üstüne sepip:
Beýle bolsa, Ol dünýäniň gurluşyndan bäri öwran-öwran ölmeli bolardy. Emma indi bir gezekde Özüni gurban etmek bilen, günäni aradan aýyrmak üçin döwürleriň ahyrynda göründi.
şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini götermek üçin, bir gezek gurban edildi. Emma ol ikinji gezek günäni götermek üçin däl-de, Özüne garaşýanlara gutulyş getirmek üçin görner.