|
| 1 |
|
| Eý doganlar! Rebbimiz Isa Mesihiň ― şöhrat Rebbiniň imanyny ýüz görme bilen saklamaň. |
|
| 2 |
|
| Sebäbi üýşen ýeriňize bir adam altyn ýüzük, nepis eşik bilen gelse, bir garyp hem kirli eşik bilen gelse, |
|
| 3 |
|
| siz nepis eşik geýnen adama seredip: «Sen bu ýerde rahat otur», garyba bolsa: «Sen ol ýerde dur» ýa-da: «Bu ýerde aýak astymda otur» diýseňiz, |
|
| 4 |
|
| Onda öz araňyzda parh goýmaýarsyňyzmy? Erbet pikirli höküm çykaryjylar bolmaýarsyňyzmy? |
|
| 5 |
|
| Eý, söýgüli doganlarym, gulak asyň, Hudaý dünýä garyplaryny imana baý bolmaklyga, Özüni söýenlere wada eden Patyşalygynyň mirasdarlygyna saýlamadymy? |
|
| 6 |
|
| Emma siz garyplary äsgermezlik etdiňiz. Baýlar size sütem etmeýärmi? Sizi diwanlar öňüne süýremeýärmi? |
|
| 7 |
|
| Size dakylan ýagşy ada dil ýetirmeýärmi? |
|
| 8 |
|
| Patyşalyk kanunyny «Goňşyňy özüň ýaly söý» diýen Ýazga görä çyndan ýerine ýetirseňiz, ýagşy edersiňiz. |
|
| 9 |
|
| Eger-de ýüz görseňiz, günä edersiňiz, kanun sizi jenaýatçy hökmünde ýazgarar. |
|
| 10 |
|
| Çünki kim tutuş kanuny berjaý edip-de, diňe bir zatda büdrese, ol hemmesinde ýazykly bolar. |
|
| 11 |
|
| Çünki «Zyna etme» diýen «Adam öldürme» hem diýendir. Indi sen zyna etmän, ýöne adam öldürseň, onda kanuna garşy jenaýatçy bolarsyň. |
|
| 12 |
|
| Üstlerinden azatlyk kanuny boýunça höküm çykaryljaklar ýaly şeýle sözläp, şeýle ediň. |
|
| 13 |
|
| Çünki rehim etmedige höküm rehim etmez. Rehim höküme garşy magtanýandyr. |
|
| 14 |
|
| Eý doganlar, biriniň amallary ýokka, imanym bar diýmeginiň näme peýdasy bar? Ony ol iman saklap bilermi? |
|
| 15 |
|
| Bir erkek dogan ýa bir aýal dogan ýalaňaç, gündelik iýmite zarka, |
|
| 16 |
|
| siziň biriňiz olara: «Asuda gidiň-de, ýylynyň, doýuň» diýse, ýöne bedene gerekli zatlary bermeseňiz, näme peýdasy bar? |
|
| 17 |
|
| Şeýle, iman-da amallary ýok bolsa, öz-özünden ölüdir. |
|
| 18 |
|
| Biri diýer: «Seniň imanyň bar, meniň amallarym bar. Sen imanyňy amalsyz maňa görkez, men-de saňa imanymy amallarym bilen görkezeýin». |
|
| 19 |
|
| Sen Hudaýyň birligine ynanýarsyň; ýagşy edýärsiň; jynlar hem ynanýar, sandyraşýar. |
|
| 20 |
|
| Eý, akylsyz adam, amalsyz imanyň ölüdigini bilmek isleýärsiňmi? |
|
| 21 |
|
| Atamyz Ybraýym ogly Yshagy gurbanlyk edilýän ýerde bagyş edip, amallary bilen aklanmadymy? |
|
| 22 |
|
| Ana, görýärsiň, iman onuň amallary bilen işledi, iman onuň amallary arkaly kämilleşdi. |
|
| 23 |
|
| Şeýlelik bilen, «Ybraýym Hudaýa iman getirdi, bu oňa dogrulyk saýyldy» diýen Ýazgy-da ýerine ýetip, oňa Hudaýyň dosty diýildi. |
|
| 24 |
|
| Ine, görýärsiňiz, adam diňe bir iman bilen däl, amallary bilen aklanýar. |
|
| 25 |
|
| Kemçin Rahaw-da çaparlary myhman alyp, olary başga ýoldan iberip, amallary bilen aklanmadymy? |
|
| 26 |
|
| Sebäbi bedeniň ruhsuz öli bolşy ýaly, iman hem amallar bolmasa ölüdir. |
|
|
|
|