Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.
Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.
Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.
ýa-da onuň bellän emeldarlary bolsun, tapawudy ýok, olara tabyn boluň. Patyşa öz emeldarlaryny ýamanlyk edenleri jezalandyrmaga, ýagşylyk edenleri taryplamaga belledi.
Eger eden nädogry işiňiz üçin ýenjilmelere döz gelýän bolsaňyz, bu size näme hormat getirer? Emma ýagşylyk edibem ýene ejir çekseňiz we muňa çydasaňyz, Hudaý mundan has köp razy bolar.