Eý ärler, aýallaryňyzyň özüňizden ejizdigini biliň, olary sylaň. Olar hem siz ýaly Hudaýdan ýaşaýyş sylagyny alýarlar. Dogalaryňyzyň bökdelmezligi üçin şeýle ediň.
Muny ýumşaklyk, saýhallylyk bilen ediň. Mesihdäki ýagşy ýaşaýşyňyzy ýamanlaýanlar erbet iş edýänler hökmünde size garşy geplänlerinde utandyrylar ýaly, ynsabyňyz päk bolsun.
Çünki bizi Hudaýyň ýanyna eltmek üçin, ten boýunça öldürilip, ruh boýunça direlmek bilen, dogry bolan Mesih-de dogry däller ugrunda günäler üçin bir gezek öldi.
Olar bir wagtlar, Nuhuň günlerinde gämi ýasalyp ýörkä, Hudaýyň sabyrly garaşýan wagty pitneçi bolupdylar. Ol gämide bolsa az, ýagny sekiz adam suw bilen gutuldy.
Bu wakanyň nusgasyna görä, bedeniň kiriniň ýuwulmasy däl, eýsem, Hudaýyň huzuryna päk ynsap talaby bolan çokunmaklyk hem indi sizi Isa Mesihiň direlmegi arkaly gutarýar.